18/07/2023
585
Russiýanyň Penza sebiti Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak isleýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary we içeri syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Dünýä döwletleri Türkmenistan bilen dost-doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygy döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Mähriban Watanymyz dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar. Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň energetika ulgamynda halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda we sebitde hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy berkitmekde Russiýa Federasiýasynyň Penza sebitiniň Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmagyna uly orun degişlidir. Muňa 7-nji iýulda Penza sebitiniň Söwda-senagat edarasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow bilen geçirilen özara bähbitli duşuşyk hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu çärä harytlary eksport etmek we daşary ýurt bilen söwda hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän Penza kärhanalarynyň 40-a golaýy gatnaşdy.
Penza sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Wladimir Podobed duşuşykda soňky 10 ýylyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň söwda wekilhanalarynyň köp sanly döwletlerde ýokary derejeli iş alyp barýandygyny belledi. Penza sebitiniň Söwda-senagat edarasy resmi saparlary, sergileri taýýarlamakda daşary ýurtly söwda wekilleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Ýeri gelende bellesek, Penza sebiti Türkmenistan bilen köp wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýylyň ahyrynda Penza sebitiniň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 234,8 million rubla, şol sanda eksporty 87,9 million rubla barabar boldy. Penza kärhanalarynyň aglabasy, şol sanda «Nowyýe fermy», «Newskiý konditer», «Penzadizelmaş», «Maşeksport», «Penzeenergomaş», «Ýewraziýa» ýaly kompaniýalary Türkmenistana yzygiderli eksport edijiler hökmünde tanalýar.
— Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär, şonuň üçin häzir elektrik we metallurgiýa önümlerine, nebit we gaz enjamlaryna, sellýuloza we kagyz çig malyna aýratyn isleg bildirilýär. Şeýle-de azyk senagatynyň önümleri — et, süýt, galla, günebakar ýagy importyň däp bolan ugurlary bolup durýar. Penza iri üstaşyr merkez bolup, onuň üstünden uly haryt akymlary geçýär. Şu nukdaýnazardan, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde eksport-import amallaryny artdyrmakda uly mümkinçilikleri görýäris – diýip, Aleksandr Ýelizarow belledi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI