30/11/-0001
468
Parlamentara hyzmatdaşlykda möhüm ädim
Bu günki gün ýurdumyzyň ähli ulgamynda giň möçberli özgertmeler, taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlary ösüş-özgerişlere beslenýär. Baky Bitarap Watanymyz sebitde hem-de dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine uly goşant goşýar. Şu jähetden, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýär.
Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyzda saparda boldy. Hormatly myhmanyň döwlet Baştutanymyz bilen bolan duşuşygynyň dowamynda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşyk parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm wakasyna öwrüldi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sapar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmaklaryny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir. Içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýet ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde parlamentleriň orny örän uludyr. Parlament işi, parlamentara diplomatiýa häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýe bolup, munuň özi halkara ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň özara düşünişmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Ol parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmaga ukyplydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde dürli ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem dürli döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň ýurdumyzda bolmagynyň barşynda geçirilen gepleşiklerdir gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň has-da ilerlemeginde, kämilleşmeginde kesgitleýji ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly goşant goşýar. 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan we Russiýa durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine hem-de ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň hem-de ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmegi başardylar. Munuň özi iki dostlukly ýurduň doganlyk halklarynyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýady esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň noýabrynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň dowamynda wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iş alyp barmagyň täze görnüşlerini işläp düzmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň parlamentarileriniň bilelikdäki mejlisleriniň geçirilmegine gyzyklanma bildirilip, birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işi babatda gatnaşyklary giňeltmegiň ýollarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi.
Dürli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmek halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki döwürde dünýäniň birnäçe döwletleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda şertnamalara gol çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýän daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen özara dostluk toparlaryny döretmek hakyndaky meseleler işiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme şu ýerden alnan:
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI