15/12/2025
101
PARAHATÇYLYK SENASY
Asuda asman. Säheriň tämiz howasy. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan, nurana geljege tarap ynamly gadam urýan ynsanlar. Parahatçylyk nagmasy saýylýan guşlaryň owazy. Päk çagalaryň şadyýan gülki sesleri. Bagtyň keşbini döretmeli bolsa, suratkeş şübhesiz, şeýle görnüşleriň suratyny çekerdi. Bagtyň özeninde parahatçylygyň, onuň binýadynda bolsa oýlanyşykly, parasatly daşary syýasatyň bardygy ikuçsuz hakykat. Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Bu gün Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmekde netijeli gural bolup durýandygyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy halkara derejesinde uludan toýlanylýar.
«Adamzadyň hakyna belent maksat tutany»
Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne setirinden görnüşi ýaly, döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi hökmünde saýlap alan oňyn Bitaraplyk syýasaty diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem, umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanyýetiň ýagşy arzuw-niýetlerine doly derejede laýyk gelýär. Parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri asyrlarboýy halkymyzyň ruhuna, edim-gylymyna siňen ýörelgelerdir. Bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny emele getirýän şeýle ýörelgelere ata-babalarymyz müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň islendik döwründe hem ygrarly bolupdyr. Şunda ýüzbe-ýüz bolunýan meseleler, islendik gapma-garşylyklar çözülende, ilki bilen, parahatçylykly usullar ulanylypdyr. Anyk mysallara ýüzlensek, taryhda Beýik Parfiýa döwleti Gündogarda Hytaý, Günbatarda Rim bilen ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşygy alyp baran ilkinji döwlet hökmünde bellidir. Baryp, biziň eýýamymyzdan öňki I asyrda Parfiýa bilen Rimiň arasynda Bitaraplyk baradaky şertnama baglaşylypdyr. Bitaraplyk ýörite şertnamalarda aňladylypdyr. Bular barada Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda hem giňişleýin maglumatlar berilýär. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, täze taryhy döwürde Türkmenistan döwletimiz ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk syýasatyna eýerýär.
Ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak sungaty
Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli halkymyza serpaý eden «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda görnükli diplomat, şahyr Baýram hanyň: «Kimdir birini ýeňmekden onuň bilen ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak has güýçli sungatdyr» diýen parasatly jümleleri getirilýär. Ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak sungat bolsa, onda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sungatyň beýik ussatlarydyr. Bu günki gün Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň başlangyçlary bilen umumadamzat ähmiýetli Kararnamalaryň ençemesiniň kabul edilmegi, paýtagtymyz Aşgabatda bu abraýly halkara guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Halkymyzda «Agzybire Taňry biýr...» diýilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýaly halkara forumlaryň, sergilerdir maslahatlaryň üstünlikli geçirilmegi hem dünýä halklaryny jebisleşdirmekde, ählumumy maksatlara ýetmek üçin halkara tagallalary birleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Maglumatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, misli Şükür bagşynyň dutaryndan çykýan şirin mukam deýin, tutuş Ýer ýüzünde parahatçylyga, agzybirlige, abadan durmuşa çagyryş senasy bolup ýaňlanýar.
«Gelen — döwlet»
Şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Ýaşasyn, ýaşasyn göwün saçagy, // Bir saçak başyna müň myhman sygdy» diýip belleýşi ýaly, göwni Garagum sährasy deýin giň halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny dünýä halklaryny bir supranyň başyna jemläp agzybirlikde, jebislikde toýlaýar. Şu toýly günlerde Hazaryň türkmen kenarynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem sebitiň we tutuş dünýäniň durnukly ösüşinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylýandygyny görkezýär. Halkara forum bilen ugurdaşlykda guralýan sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zenanlaryň gazanýan üstünlikleri şöhlelendirildi. Sergidäki pawilýonlarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan daşary ýurt dillerini kämil bilýän talyp gyzlar hem wekilçilik edip, forumyň işine mynasyp goşantlaryny goşdular.
Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ornuna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara forum hem doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar. «Myhman ataňdan uly», «Gelen — döwlet» diýen ýörelgelerden ugur alnyp, türkmen myhmansöýerligi esasynda geçiriljek halkara forum halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly ynsanperwer taglymatlaryny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Halkara ähmiýetli forum Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň diňe bir milli bähbitlerimizi däl, eýsem, umumadamzadyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşyny nazarlaýandygyny aýdyňlygy bilen äşgär eder.
Bu gün ýurdumyzda şanly toý — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gül Watanymyz baýramçylyk lybasyna beslendi. Türkmeniň goşa ganatynyň biri bolan hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň baky bagty, beýik buýsanjydyr. Has takygy, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň ajaýyp şygrynda aýdyşy ýaly:
Älem-jahan ruh alýar joşuňdan,
Baglaryňda guş saýraýar hoşuňdan,
Görogly deý toýlaryňy sowşuňdan,
Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 11.12.2025ý. https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/218409