10/11/2026
58
Parahatçylyk diplomatiýasy — paýhas ýoly
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary barada söhbet
Adamzat ösüşiň täze eýýamyna gadam basdygyça, dünýäniň öňünde ykdysady we tehnologik ösüş bilen bagly meseleler, şonuň bilen birlikde parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynamy gorap saklamak ýaly örän möhüm wezipeler hem ýüze çykýar. Çünki ösüşiň depgini näçe çalt bolsa-da, onuň esasy maksady ynsan ýaşaýşynyň abadanlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda döwletleriň kuwwaty, halkara giňişliginde eýeleýän orny, ilkinji nobatda, parahatçylykly başlangyçlary, ynanyşmak medeniýeti we umumadamzat bähbitlerine goşýan goşandy bilen hem kesgitlenýär. Şonuň üçin diplomatiýa halklary ýakynlaşdyrýan, dürli garaýyşlary umumy maksada gönükdirýän paýhas ýoludyr. Şu jähetden, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Astanada emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmagy halkara syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy.
Dünýä giňişliginde bolup geçýän syýasy wakalar, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary häzirki döwrüň taryhy keşbini kemala getirýär. Akaba prosesiniň esasy mazmunyna içgin ser salanyňda, onda häzirki döwrüň iki möhüm ugry — täze tehnologiýalaryň howpsuzlygy we döwletara gatnaşyklarynyň ynam esasynda ösdürilmegi özara utgaşýar. Bir tarapda dünýäniň sanly geljeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi, beýleki tarapda bolsa halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek baradaky tagallalar durýar. Aslynda, bu iki ugur biri-birinden üzňe däldir. Sebäbi tehnologiýa dünýäni ýakynlaşdyrýan bolsa, diplomatiýa şol ýakynlygyň ynamly we parahatçylykly häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda dünýäniň hiç bir döwleti tehnologik ösüşiň we sanly giňişlikde ýüze çykýan howplaryň täsirinden üzňe bolup bilmez. Şoňa görä-de, Astanada dürli döwletleriň we halkara düzümleriň wekilleriniň bir meýdançada jemlenmegi döwrüň öňe çykarýan täze hakykatyny alamatlandyrýar.
XXI asyryň iň uly tehnologik öwrülişigi bolan emeli aň ynsan akylynyň we ylmy gözlegleriň täze mümkinçiligidir. Ol önümçiligi kämilleşdirýär, ylmy barlaglaryň gerimini giňeldýär, lukmançylykda, bilimde, ulag-logistika ulgamynda we ykdysadyýetde täze çözgütleri hödürleýär. Muňa garamazdan, tehnologiýanyň ynsan bähbitlerine hyzmat etmegi, emeli aňyň howpsuz, adalatly we jogapkärli ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Akaba prosesiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň esasy mazmuny hem hut şunuň bilen baglanyşyklydyr. 2015-nji ýylda başlanan bu halkara başlangyç döwletleriň, halkara bilermenleriň we degişli düzümleriň häzirki zaman howplaryna garşy tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Onuň Astanadaky nobatdaky tapgyrynda emeli aň ulgamynda howpsuzlyk, kiberhowplara garşy göreş we Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň esasy mazmunyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmegiň, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmagyň, parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini nygtady. Bu garaýyşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň many-mazmuny bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Aýdylyşy ýaly, parahatçylygyň gymmaty hemişe duýulmasa-da, onuň ýitirilmegi bütin adamzada agyr täsir edýär. Şonuň üçin parahatçylygy goramak şu günüň, ertirki nesilleriň öňündäki mukaddes borçdur. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sammitde öňe süren garaýyşlary hem parahatçylyk diplomatiýasyny ilerletmäge esaslanýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny durmuşa geçirmäge netijeli goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Elbetde, dünýä giňişliginde dürli pikirleriň bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Ýöne şol pikirleriň gapma-garşylyga däl-de, özara baýlaşmaga hyzmat etmegi möhümdir. Çünki häzirki zaman dünýäsinde parahatçylykly sazlaşygy döretmek uly paýhasy talap edýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara dialoga işjeň goşulyşmagy hem şu nukdaýnazardan ähmiýetlidir. Taryhy kökleri, medeni gymmatlyklary, geografik ýerleşişi we ykdysady mümkinçilikleri bilen biri-birine ýakyn bolan sebit döwletleri häzirki döwürde umumy ösüşiň möhüm meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ulag-logistika geçelgelerini kämilleşdirmek, energetika, ekologik howpsuzlyk, bilim, ylym we täze tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmak umumy ösüşiň möhüm ugurlarydyr. Häzirki döwürde bu ugurlaryň hataryna sanly howpsuzlyk hem goşuldy. Çünki sanly giňişlik ykdysady gatnaşyklaryň, döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle şertlerde sebit döwletleriniň degişli edaralarynyň we hünärmenleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, tejribe alyşmak, täze wehimlere garşy bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Astanadaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy hem ýurdumyzyň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy tagallalarynyň bir beýany bolup durýar.
Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnälän paýhasynda agzybirlik, dostluk, hoşniýetlilik we parahatçylyk aýratyn orun eýeleýär. «Agzybirlik — döwletlilik», «Dost başa bakar, duşman aýaga» ýaly halk nakyllary hem bu gymmatlyklaryň durmuşdaky ähmiýetini açyp görkezýär. Bu gün şol gadymy paýhas halkara gatnaşyklarynyň täze şertlerinde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Çünki dünýäniň syýasy keşbi üýtgäp, tehnologiýalar kämilleşip, ykdysady gatnaşyklar giňelse-de, halklary birleşdirýän esasy gymmatlyklar üýtgewsiz galýar. Şunda parahatçylyk taglymatyna ygrarlylyk giň derýa ýaly halklaryň ykbalyny birleşdirýär. Akaba prosesiniň Astanada geçirilen duşuşygy hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüşini halkara howpsuzlygynyň we parahatçylyk diplomatiýasynyň meseleleri bilen utgaşdyrýan möhüm meýdança boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu duşuşyga gatnaşmagy we öňe süren garaýyşlary ýurdumyzyň parahatçylyk, hemişelik Bitaraplyk we özara ynanyşmak ýörelgeleriniň giň dünýäde belentden dabaralanýandygyny görkezýär.
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: «Biznes reklama» gazeti, 09.11.2026ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/256191