30/11/-0001
461
Parahatçylygyň ýaş çaparlaryndan talyplyga...
Men Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly ýaş nesli. Çünki maňa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Her bir zadyň — arzuwlaryň başlangyjy bolýar. Meniň arzuwymyň başlangyjy Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginden gözbaş alyp gaýdýar. Bu bäsleşigiň üsti bilen, Oguz handan gaýdýan türkmeniň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary syýasatynda alyp barýan parahatçylykly başlangyçlary barada giňişleýin öwrendik. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini has içgin özleşdirdik.
Men mundan ozal hem, Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde iňlis dili boýunça welaýat derejesinde I, II orunlara, Halkara Hindistan olimpiadasynda höweslendiriji, Russiýa halkara taslama bäsleşiginde iňlis dilinden «Meniň intellekt traýektoriýam» diýen temada ýazan işim boýunça III orna mynasyp boldum.
Häzirki ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim alyp, ylymly-bilimli, Watana wepaly we ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Mahym KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.