14/01/2026
98
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
2026-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň III saýlama oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň nobatdaky saýlama oýny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy — ýurt abadançylygynyň we pajarlap ösüşiň uçar ganatlary» atly tema bagyşlanyldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň III saýlama oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Atajan Tagandurdyýew, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Çary Begmyradow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Azat Aýhanow, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Beghanowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Selbi Ismailowa dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň III saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Tyllanur Ataýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Oguljahan Gurbanowa dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow hem-de Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa nobatdaky oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň III saýlama oýnuna Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hemaýatkärlik etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylary hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.