19/03/2024
1009
PARAHATÇYLYGYŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ÝAŞLAR FESTIWALY
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti” ÝUNESKO klubynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylyk dilleri” atly, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klublarynyň we Magtymguly adyndaky Tükmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras – geçmişden geljege” atly ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Parahatçylyk medeniýeti- Nowruz baýramy” atly ýaşlar festiwaly geçirildi.
Festiwalyň açylyşynda dabara gatnaşyjylar institutyň baş binasynda gurnalan baýramçylyk tagamlarynyň sergisi bilen ýakyndan tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramy medeni diplomatiýany ösdürmegiň esasy guraly bolup, halklary bir-birine ýakynlaşdyrmakda, dost-doganlygy mäkäm berkitmekde ençeme asyrlardan bäri uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpli hem sergide daşary ýurt milli tagamlarynyň sergä çykarylmagy festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy bolan Nowruzyň gözelligine gözellik goşýan semeni hem serginiň esasy bezegi boldy.
“Parahatçylyk medeniýeti- Nowruz baýramy” atly ýaşlar festiwaly institutyň uly mejlisler zalynda ýörite taýýarlanan aýdym-sazly dabara bilen dowam edip, dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa ýaşlar festiwalyna gatnaşyjylary mähirli gutlady.
Uly şatlyk-şowhun bilen geçirilen ýaşlar festiwaly her bir gatnaşyjyda özüniň ýakymly täsirlerini galdyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy diňe bir baharyň garşylanmagyny hem-de janlanýan tebigatyň dabaralanmagynyň nyşanyny alamatlandyrman, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, adamlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň hem jarçysydyr. Magtymguly atamyz hem «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýmek bilen tebigaty janlandyrýan Nowruzy taryplaýar. Şeýle-de, bu baýramyň waspy “Nowruzdaky hereket-mizandaky bereket”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Nowruzda döken deriň, gyşda zer bolar” ýaly atalar sözlerde, nakyllarda, yrymlarda aýdymlarda öz beýanyny tapýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramy bu günki günde halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan, Türkiýe, Azerbeýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Eýran, Täjigistan teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Mundan başga-da 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.
«Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dost-doganlykdan habar berýän halkara Nowruz baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi, halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, jebisliginiň, parahatçylygyň höküm sürýänliginiň ýene bir subutnamasydyr.
Aýgözel AŞIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.