16/01/2024
7464
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Watanymyzy täze üstünliklere beslär
«Ýyllar ýyllardan görk alýar» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly täze taryha özboluşly aýratynlygy bilen girdi. Bu ýylda ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşlara bildiren ynamy has uly boldy. Munuň özi halkymyzyň halypa-şägirtlik ýaly ajaýyp milli ýörelgesine, nusgalyk hasaplanylýan ýaşululyk mekdebine ýene-de dowamatlyk çaýdy.
Türkmenistanyň agzybirligiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş etmegi hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerindäki giň mümkinçiliklerdir. Şeýle ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary bu ýylda hem üstünlikli dowam etdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäniň birnäçe döwletlerine amala aşyran iş saparlary, birnäçe daşary ýurtly döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan iş saparlary bu aýdanlarymyzy doly tassyklaýar.
Türkmenistan diňe geçen ýylyň özünde dünýä ähmiýetli we umumadamzat bähbidine gepleşikler meýdançasy bolup hyzmat edýän halkara forumlaryň, sammitleriň birnäçesine işjeň gatnaşdy. Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Täjigistanda geçirilen sammiti, Hytaý Halk Respublikasynda bolup geçen «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara hyzmatdaşlyk forumy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Astana sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşkent sammiti, BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Dubaý sammiti we beýlekiler bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysallarydyr. Bu günki gün ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejelere çykmagy we onuň düzümindäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz yzygiderli tagallalary edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanmagy hem berkarar Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi geçen ýylda ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň we ýene-de ençeme desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaly guwançly wakalar ýylyň dowamyndaky ajaýyp işleriň sanyny artdyrdy. Ýurdumyzda we sebitde ilkinji «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi we ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi ähli ildeşlerimiziň buýsançly başyny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, türkmen halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýyl tamamlandy. Watanymyzdaky zähmet ýeňişleri, täze üstünlikler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçjek 2024-nji ýylda-da dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda täze sahypany açjak täze ýyly türkmen halky şatlyk duýgusy hem-de beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuw eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenjekdigine, abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyryljakdygyna uly ynam bilen garşy aldy.
2024-nji ýylyň şygary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi we degişli nyşan bilen döwlet baştutanymyz tarapyndan tassyklandy. Bu çözgüt Gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp kabul edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, daşary döwletlerde türkmen halkynyň beýik oglunyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni hem-de beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýylyň ýene bir möhüm waka beslenendigi aýratyn bellenildi. Ýylyň soňky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine öz ajaýyp eserini “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi. Bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Ýyllaryň hatar kerweni —
Goja dünýäň hakydasy.
Durmuş bir kitap ýalydyr,
Her ýyl — täze sahypasy.
Şu şygyr setirlerinde nygtalyşy ýaly, her ýyl — durmuş atly kitabyň täze sahypasy. Ýyllardan düzülen sahypalary agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jem bolup durmuşa geçirýän asylly, döwletli işleri bezeýär.
Goý, kalbymyzy ýagşy umyda we uly ynama besläp garşylan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz düşümli, bereketli ýyl bolsun! Täze ýyl bütin adamzada saglyk, parahatçylyk we ynam serpaý etsin!
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli taryhy tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI