18/12/2023
837
Özbaşyna bir dünýäniň ykdysadyýeti
Sözbaşydan aňan bolsaňyz gerek, bu gezekki gürrüňiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysadyýeti hakda boljakdygyny. Ýöne «O nähili özbaşyna bir dünýä?» diýen sowal ýüze çykyp biler. Bu sowala taryh şeýle jogap berýär: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady taryhy XVII-XVIII asyrlarda başlanýar. Eýýäm 1700-nji ýyldan başlap, ýurduň import-eksport amallarynda ýokary ösüş gazanylýar. Şol bir wagtyň özünde-de Afrika, Aziýa, Ýewropa ýurtlarynyň koloniýalarynyň söwdasynyň ösmegine hem goşant goşýar. Mundan başga-da, ABŞ geçen asyryň başlarynda dünýäni ykdysady çökgünlikden halas etmek babatda elinden gelenini gaýgyrmadyk ýurt hökmünde bilinýär.
ABŞ dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolandygyna garamazdan, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda pandemiýanyň ýaramaz täsirine duçar boldy. Ýurtdaky hümmetsizlenmäniň netijesinde, 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda işçileriň ortaça sagatlyk girdejisi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,7 göterim peseldi. Federal ätiýaçlyk bankynyň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň iýun aýynda soňky 40 ýylyň iň ýokary hümmetsizlenmesinden, ýagny 9,1 göterimden 3,7-ä düşdi. Işsizlik babatda bolsa soňky 50 ýylyň içinde iň pes dereje hasaba alyndy. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýylda ýurduň importy eksportyndan 948,1 milliard amerikan dollary köp boldy. Netijede bolsa, ýetmezçilik söwda balansy 3,9 göterim pese gaçdy. Şeýle-de bolsa 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyndan ýurduň ykdysadyýetinde täzeden galkynyş döwri başlanýar. Ýylyň birinji ýarymynda ep-esli pese gaçan ýurduň jemi içerki önümi ikinji alty aýynda 25,5 trillion amerikan dollaryna ýetdi. Kongresiň býujet gullugynyň hasabatyna laýyklykda, ýurduň jemi içerki önüminiň 2023-nji ýylda 26,24 trillion amerikan dollaryna, 2033-nji ýyla çenli bolsa 39,23 trillion amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar.
Halkara walýuta gaznasynyň çaklamalaryna görä, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli, dünýä ykdysadyýetiniň jemi içerki önüminiň 105 trillion amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 5 trillion amerikan dollary köpdür. Hasabata laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary 26,9 trillion amerikan dollarlyk jemi içerki önümi bilen ýene-de dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagyny dowam etdirer.
Ýurduň Ykdysady seljeriş býurosynyň habar bermeginä görä, ABŞ-nyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndaky eksporty 258,8, importy bolsa 323 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, eksporty 2,6 milliard amerikan dollary kemeldi, importy 0,5 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Harytlar we hyzmatlar ulgamynyň girdejisi 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 161,4 milliard amerikan dollary ýa-da 19,8 göterim azaldy. Eksportynda 28 milliard amerikan dollar ýa-da 1,1 göterim ösüş gazanyldy, importy 133,4 milliard amerikan dollary ýa-da 4 göterim azaldy.
Oktýabr aýynda harytlaryň eksporty 3,2 milliard amerikan dollar azalyp, 173,5 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Has takygy, sarp ediş harytlarynyň eksporty 2,1, gymmatbahaly daşlaryňky 0,8, derman serişdeleriňki 0,6, şaý-sepleriňki 0,4, awtoulaglar we ätiýaçlyk şaýlarynyňky 0,9, elektromobilleriňki 0,4, ýük we ýörite maksatly ulaglaryňky 0,3 milliard amerikan dollary möçberinde azaldy. Senagat we gurluşyk materiallaryň, organiki himiki maddalaryň, altynyň eksportynda bolsa degişlilikde, 1,2; 0,5; 0,5 milliard amerikan dollary möçberinde ösüş gazanyldy. Hasabat aýynda hyzmatlaryň eksporty 0,6 milliard amerikan dollary ýokarlanyp, 85,3 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Netijede, maliýe, ulag, telekeçilik hyzmatlarynyň eksportynda deň dereje — 0,2 milliard amerikan dollary möçberinde ösüş hasaba alyndy.
Oktýabr aýynda ýurduň esasy eksport harytlarynyň hatarynda çig nebit (10,7 milliard amerikan dollary), uçarlaryň ätiýaçlyk şaýlary (10,4 milliard amerikan dollary), gaýtadan işlenen nebit (9,47 milliard amerikan dollary), awtoulaglar (5,52 milliard amerikan dollary) esasy orny eýeleýärler.
Belläp geçsek, Amerikanyň Birleşen Ştatlary harytlar we hyzmatlar dolanyşygyny, esasan, Niderlandlar Patyşalygy, Gonkong, Awstraliýa, Belgiýa, Braziliýa, Singapur, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar bilen alyp barýar.
Türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýurt, sebit hem-de dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şeýle-de türkmen tarapy ylmy innowasion önümçiligi ösdürmek babatda amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny ýurdumyza çekýär. Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtmegine garşy göreşmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2008-nji ýylda döredilen «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işleri aýratyn bellärliklidir. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksadyndan ugur alýan işewürlik geňeşi gatnaşyklary ýola goýmakda, täze hyzmatdaşlyklara ýol açmakda, ozal bar bolanlaryny giňeltmekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda «John Deere», «Case» ýaly meşhur amerikan kompaniýalarynyň traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary ýurdumyzyň daýhanlaryna ekin meýdanlaryndan ýokary hasyl almaga ýardam edýär. Mundan başga-da, «Boeing» uçarlary Türkmenistanyň dünýä döwletlerine uzaýan ýollaryny ýakynlaşdyrsa, «Caterpillar» tehnikalary awtomobil ýollaryny gurmakda goşant goşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda türkmen-amerikan söwda dolanyşygy 65,12 million amerikan dollaryna deň boldy. Geçen ýyl bu görkeziji 38,7 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanda amerikan maýasynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 3,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan 180 taslama alnyp barylýar.
Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti 18.12.2023 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/129881
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI