06/12/2023
1270
"Okuw sapagyna degişli görkezme esbaplarynyň elektron görnüşlerini döretmek we goraglylygyny üpjün etmek" atly onlaýn okuw-usulyýeti boýunça maslahaty geçirildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-ne "Okuw sapagyna degişli görkezme esbaplarynyň elektron görnüşlerini döretmek we goraglylygyny üpjün etmek" atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy. Okuw sapagyna şol bir wagtda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň awtomobil ýollarynyň gurluşygy kafedrasynyň uly mugallymy Atageldi Garajaýew tarapyndan gurnaldy. Okuw usulyýet sapagynyň mazmuny: tekst, çyzgy, programmalar we animasiýalardan ybarat boldy. Okuw sapagyň dowamynda uly mugallym Atageldi Garajaýew okuw sapagyna degişli görkezme esbaplarynyň elektron görnüşlerini döretmek we goraglylygyny üpjün etmegiň örän möhümdigini düşündirdi. Okuw sapagyň ahyrynda mugallymlar we talyp ýaşlar uly mugallym Atageldi Garajaýewden "Okuw sapagyna degişli görkezme esbaplarynyň elektron görnüşlerini döretmek we goraglylygyny üpjün etmek" atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty barada gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlenip, kanagatlanarly jogaplary aldylar.
Abraýhan IKRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.