25/03/2024
1293
Nusgawy edebiýatymyza sarpaly nesiller
Berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän dabaralar, ýaş nesilleriň arasynda guralýan döredijilik we zehin bäsleşikleri biri-birine sazlaşykly utgaşýar. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşiginiň geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyryp, olaryň nusgawy edebiýatymyza, söz ussatlarymyza bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigini şu gezekki geçirilen bäsleşigiň netijelerinden hem görmek bolýar. Beýik şahyrymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyk baradaky taglymatlaryna bagyşlanan bu bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň 516-sy gatnaşdy.
Ýokary guramaçylykly geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça baş baýraga Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Sähedowa mynasyp boldy. Şeýle hem 1-nji orna Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Nurtäç Geldimyradowa, 2-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Gülzada Babahanowa hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Maksat Myradow, 3-nji orna bolsa Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Merjen Nuryýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Zeýnep Geldiýewa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Maksat Alymbaýew dagy mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Suraý AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Çeşme: "Nesil" gazeti - 23.03.2024 ý. // Nusgawy edebiýatymyza sarpaly nesiller