30/11/-0001
1477
Nedir şanyň täsin ykbaly
Gadymy Gündogarda her ynsana dünýä inende dakylýan ýa-da görkezen şahsy edermenlikleri üçin soňra berilýän at-lakamlar şolaryň ykbalyna hökman täsirini ýetirýär diýen düşünje rowaç bolupdyr. Belki, bu Nedir şa babatda hem şeýledir. Çünki «Nedir» sözi «seýrek, meňzeşi ýok» ( نادر arapça: Nadir; parsça: Nader) diýen manylary berýär.
Ykbaly — gören görgüleri, çeken hupbatlary, täleýiniň Göge göterilişi, Hywa bazarynda ýigrimi apbasa geçmedik bendiniň birnäçe ýyllardan soňra dabarasy dag aşan, demi bilen goňşy döwletleri titreden hökümdara öwrülmegi, dogrudanam, juda täsin we seýrek duşýan hadysa. Taryhy çeşmeler birin-birin öwrenildigisaýy öň bize mälim bolmadyk birnäçe maglumatlaryň üsti açylýar. Hut şonuň üçinem taryhy şahslar hakynda taryhçy alymlaryň pikirleri bilen tanyşmak şol döwürleriň wakasyna has giň gözýetim bilen garamaga mümkinçilik berýär.
***
Islendik taryhy şahsa onuň öz ýaşan döwri bilen baha bermeli. Nedir şa babatda-da şeýle. Onuň ýaşan XVIII asyry çylşyrymlydy, gowgalydy, halkara gatnaşyklarynda dünýä hökümini ýöretmek ugrunda özara bäsdeşlige giren iri döwletleriň arasynda diňe öz bähbidini goramak üçin başlan jeň-dawalarynyň, uruşlarynyň adaty zada öwrülen zamanasydy. Nedir şa mongol çozuşlarynyň zarbasyndan soň öz ata Watanynda döwletsiz galsa-da, dünýäniň çar künjüne ýaýrap, mekan tutan ýerlerindäki döwletlerde uly orun alan, hatda olaryň birini — öz neberesi owşarlaryň adyny goýan imperiýany dolandyrmak ýaly agyr kysmaty öz gerdenine alan beýik şahsdy.
Nedir şa örän köpgyraňly hem çylşyrymly şahs. Ol hakda dürli döwürde, dürli dillerde, dürli matlap bilen ýazylan işler az-küş däl. Taryhy juda gowy bilen, ondan hemişe ybrat alan bu şahsyň öz köşgündäki möwritnamaçylar üçin, elbetde, onuň ady öwlüp arşa çykarylsa-da, ykbalynda onuň köşgünde ýaşamak nesibesi çeken ýewropaly awtorlar onuň adalatyna, eden oňyn işlerine göz ýumup bilmändirler. Ermeni, gürji dindarlary bolsa Nediriň syýasatda dini oňşuklylyga artykmaçlyk berendigini, gaýry dini-ygtykatdakylaryň ynanjyna hormat goýandygyny gypynç etmän ýazypdyrlar. Onuň döwrüne, ykbalyna ýüzlenen awtorlar Nediriň türkmendigini, türkmençiligi gowy görendigini hiç gizlemändirler. Gaýtam, ony güberçekledip, öňe çykarypdyrlar. Nedir şanyň berk düzgün-tertibi gowy görendigini, hatda bu babatda ogullaryny hem aýap goýmandygyny, hetdenaşan müňlerçe adama mynasyp temmisini berendigini ýaşyrmandyrlar. Elbetde, beýik serkerde hökmünde onuň ýakyn-u-alysdaky onlarça döwletleriň ençemesiniň üstüne guran harby ýörişlerini hem jikme-jik beýan edipdirler.
Biz turuwbaşdan, Nedir şa hakda maglumatlaryň şeýle bollugynda üns berilmedik bir hakykata üns çekmekçi bolýarys — ol hem dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmeniň diňe Hindistandan Osmanly diýaryna çenli aralykdaky bölegini öz ýolbaşçylygynda döredilen türkmenleriň Owşar neberesiniň imperiýasynyň baýdagynyň astynda birleşdirmekçi bolandygy baradaky hakykatdyr. Döwrüniň çylşyrymly geosyýasy şertlerinden oňat baş çykaran syýasatçy, beýik strateg, ussat diplomat hökmünde Nedir şa şol döwletde gelip çykyşyna, diline, dini ygtykatyna, uýýan mezhebine, medeniýetine garamazdan, ähli halklaryň, halkyýetleriň, milletleriň arasynda raýat ylalaşygyny gazanmagy maksat edinipdir. Türki gelip çykyşly halklary özara raýdaşlyga gol berip, bir baýdagyň astyna jemlenmäge çagyrypdyr.
Ýokarda aýdylanlara göz ýetirmek üçin türkmen taryhynda uly yz galdyran meşhur şahs Nedir şanyň ykbalynyň pursatlaryny inçeden yzarlalyň. Taryhy eserlerdäki maglumatlara görä, Napoleon Bonapart hem Nedir şa meňzemäge çalşypdyr. Çünki özüniň dünýä gelmeginden 33 ýyl öň tagta çykan we şa täjini geýen, Aziýanyň jümmüşinde ägirt uly türkmen imperiýasyny döreden Nedir şanyň şöhraty beýik fransuzy haýrana goýupdyr. Özüne «imperator» derejesini alan Napoleon harby ýörişlerinde Gündogaryň gylyjy ( Britan taryhçysy Lourens Lokhart Nedir şanyň özüni «gylyjyň perzendi» atlandyrandygyny ýazypdyr // Lawrence Lockhart. Nadir Shah: A critical Study Based Mainly Upon Contemporary Sources. ― 1938. ―p. 20.) bolan beýik Nedire meňzemäge ymtylypdyr. Hatda Eýran şasy Fethaly Gajara ýazan hatynda özüni täze Nedir şa diýip hem atlandyrypdyr. Munuň özi Nedir şanyň döwleti dolandyrmakda, harby sungatda, diplomatiýada Täze eýýamyň Ýewropasy üçin hem nusga bolandygynyň subutnamasydyr. Başda bellenilişi ýaly, Nedir şa türkmenleriň Owşar dinastiýasynyň dolandyran döwletini esaslandyryjy. E.Takker «Nedir şanyň döwründe din we syýasat», M. S. Iwanow, «Eýranyň taryhyndan oçerkler» atly kitaplarynda owşarlaryň Horasana Ysmaýyl şa Sefewi tarapyndan Azerbaýjandan göçürilip, Abiwertden Merwe çenli aralykda Buhara we Hywa tarapdan geljek çozuşlardan goranmak üçin serhetýaka gorag zolagynda ýerleşdirilendigini ýazýarlar. Owşarlaryň kyrkly (garakly) tiresinden bolan, hakyky ady Nedirguly 1688-nji ýylda Abiwerdiň Kelat etrabynda (häzirki Deregeziň golaýynda) eneden doglupdyr. Ýaňy murty taban ýaş ýetginjek wagty 1704-nji ýylda ýesir düşüp, Hywada ejesi bilen dört ýyllap gul bolmagyň ezýetini çekipdir. Türkmenistanyň Kaka etrabynda häzirki wagtda hem Hywaabat atly oba we çeşme bar. Akademik W.W. Bartold Eýran şasy Nediriň 1740-njy ýylda Hywa çozuşyndan soň, ol ýerdäki 4000 sany ýesiri boşadyp, olary şu ýere göçürip getirendigini hem-de olar üçin gala saldyrandygyny ýazýar (В.В. Бартольд. Соч., т. 3 ― М., 1965, С. 133.). Galanyň ady «Hywadaky bendilikden halas bolunmagynyň hatyrasyna bina edilen gala» diýen manyny berýär. Bu gala Nedir şanyň baş karargähi bolan Kelaty demirgazykdan edilýän çozuşlardan gorap saklamak üçin salynýar (Soltanşa Atanyýazow. Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi. –Aşgabat, 1980 ý. ―295 s.). Kaka etrabynda (Hywaabatda) Nedir şa öz ady bilen bagly Nedirgalany saldyrypdyr.
Nedir şa ýigit çykan çagynda ugurtapyjylygy, batyrlygy we erjelligi mynasybetli Abiwerdiň häkimi Baba Aly begiň serkerdebaşysy bolýar. 26-27 ýaşlarynda (1714 — 1715 ý.) Horasanyň demirgazyk serhetlerini goramakda görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Yspyhana — sefewi şasy Soltan Hüseýin I-niň huzuryna çagyrylyp, şanyň 100 tümen sylagyna mynasyp bolýar. Nedirguly 27 ýaşyndaka Abywerdiň häkimi Baba Aly begiň Göwherşat atly gyzyna öýlenýär. Ondan Ryzaguly atly ogly bolýar.
Nediriň täsirli we kuwwatly serkerde hökmünde harby-syýasy sahnada peýda bolmagyna sebäp bolan wakalar goňşy döwletdäki gilzaý taýpalarynyň (owgan halaçlary) XVIII asyryň 20-nji ýyllarynda Eýranyň köp ýerlerini basyp almagy bilen baglanyşyklydyr. Sefewi patyşasy Tahmasp II olara garşy göreşi guramagy başarmandyr. Sebäbi sefewiler şol bir wagtda Osman döwleti bilen hem uruş alyp barmaly bolupdyr we munuň özi güýçleriň dagynyklygyna getiripdir. Osmanlylar 1726-njy ýylda Tahmasp II şanyň golastyndaky birnäçe ýerleri basyp alypdyrlar. Ine, şu agyr pursatda 38 ýaşly Nedirguly Tahmasp II-niň gullugyna durupdyr. Şa serkerdesi hökmünde Nedir gilzaýlara garşy durmak üçin owganlaryň kuwwatly, köp sanly abdal taýpalaryny goldapdyr. Bir ýylyň içinde ol Kur, Horasan, Mazenderan, Ýezd, Kerman, Seýistan welaýatlarynyň häkimi bolupdyr hem-de Nihawendi we Hemedany-da eýeläpdir (1727 ý.). Netijede, Nediriň serkerdeligi astynda sefewi goşuny 1730-njy ýylyň ahyryna çenli owganlary we osmanlylary doly ýeňmegi başarypdyr. Şol ýylda Töwriz hem Nediriň eline geçýär. Bu harby üstünlikler Nedirgula abraý getiripdir we ol şa Tahmasp II-ä sözi geçýän adama öwrülipdir.
1730-njy ýylda Nedir Osman döwletine öz adyndan hat ýazyp, basylyp alnan ýerlerini yzyna gaýtarmagyny talap edipdir. Malaýer söweşinde 30 müň adamly osmanly goşunyny ýeňip, Günbatar Eýranyň üstünden gözegçiligini ýola goýupdyr. Nedir ýesir düşen osman serkerdelerini ýaraşyk baglaşmak teklibini soltana ýetirmek üçin Stambula ýollapdyr. Tahmasp II Nedirgulynyň gazanan ýeňişleriniň netijesini ýerlikli ulanmagy-da başarmandyr. Ol Osman imperiýasy bilen gepleşiklerde özüniň ýeňiji tarap bolandygyna garamazdan, 1731-nji ýylda osmanlylaryň talaplaryna razy bolup, degişli şertnama gol çekipdir. Emma Nedirguly bu şertnamany ykrar etmeýändigini aýdyp, onuň baglaşan şertnamasyny biabraýçylykly hasaplap, ony güýjüni ýitiren ylalaşyk (denonsirlenen) diýip jar edipdir. Nedir güýç toplap, 1733–1734-nji ýyllarda Gündogar Kawkazy osmanlylaryň ellerinden yzyna alypdyr. Nedir Şemaha baryp, şol wagt patyşa Russiýanyň tabynlygynda bolan Bakuwy we Derbendi bermegi talap edipdir. Gazaply diplomatiýanyň netijesinde, Nediriň ultimatumyny kanagatlandyrmaga mejbur bolupdyrlar.
Käbir maglumatlara görä, Nedir şanyň Hazaryň tutuş daş-töweregini eýelemek meýilleri hem bolupdyr. Munuň üçin iňlis harby maslahatçylarynyň ýardamy bilen 1743-nji ýylda Hazarda harby-deňiz flotiliýasyny döretmäge-de girişipdir. Beýik Pýotryň döwründen bäri Russiýa güýçlerini bu sebite jemlese-de, Nedir bilen ruslaryň arasynda uruş bolmandyr. Rus goşunlarynyň Hazaryň günbatar kenaryny söweşsiz goýup gitmegi Nediriň diplomatik ussatlygynyň netijesidi. Şeýlelikde, Azerbaýjanyň häzirki çäginiň köp bölegi söweş zerarly tozdurylmakdan halas bolupdyr.
Nedir 47 ýaşynda (1735 ý.) osmanlylara garşy Arpaçaý söweşinde üstün gelmek bilen Genjäni, Tiflisi, Rewan galalaryny gaýtaryp alýar. 1736-njy ýylda Eýran bilen Osman döwletiniň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Ýeri gelende bellesek, Nedir şa Osman imperiýasynyň dünýädäki kuwwatyna mynasyp baha beripdir. 1736-njy ýylda osman köşgüniň beýik wezirine ýazan hatynda Nedir şa tagtyny «türkmenleriň asylly halkynyň mirasdar mülki» (mawrusi-ye il-i jalil-i turkman) diýip atlandyrypdyr. Munuň özi bolsa osman türkmenleriniň mirasynyň indi Eýranyň şa tagtynda dowam edýändigini aňladýardy. 1741-nji ýylda osman soltany Mahmyt I-ä ýazan hatynda bolsa ol hindi tagtynda Muhammet şany diňe onuň türki gelip çykyşlydygy üçin galdyrandygyny ýazypdyr. Mogollara, osmanlylara we özbek hanlaryna ýazan soňky hatlarynda Nedir şa umumy türki kökden gaýdýandygy üçin, olary özara ýygjam gatnaşykda bolmaga çagyrypdyr. Taryhçy Öwez Gündogdyýew şondan soň Nediriň Osman döwleti bilen dostlukly gatnaşyklary saklandygyny ýazýar. 1747-nji ýylda, ýogalmazynyň öň ýanynda Nedir şa özüniň Hindistandan alyp gaýdan tylla tagtyny osman soltany Mahmyt I-ä parahatçylygyň nyşany hökmünde iberipdir. Bu tagty äkitmek we gowşurmak wezipesini öz ilçisi Mehdi hana tabşyrypdyr. Bu sowgat häzir Stambuldaky Topgapy saraýy muzeýiniň 3-nji otagynda saklanýar.
Nediriň 1732-nji ýylda Bagdada ýöriş edip, ony basyp almagy Tahmasp II-niň halys gowşap, abraýdan düşmegi bilen gabat gelipdir. Şol ýylyň özünde Nedirguly ýerli hanlaryň we serdarlaryň geňeşini çagyrýar. Bu geňeşde Tahmasp II tagtdan aýrylmak bilen, onuň entek 8 aýlyk ogly Apbas III şa diýlip yglan edilýär. Netijede, Nedir 1732–1736-njy ýyllarda Apbas III-niň adyndan Eýrany dolandyrýar.
Nedirguly Sefewiler şanesliniň möwritini geçirendigini duýup, 1736-njy ýylyň ýanwar–aprel aýlarynda Eýranyň Mugan çöllüginde gurultaý geçiripdir. Gurultaýa dini, harby, taýpa, ýerli ýolbaşçylar çagyrylypdyr. Gurultaý şeýlebir köp adamly bolupdyr welin, onuň boljak ýerinde 12 müň sany çadyr dikilipdir. Hatda ol ýerde göçme metjitlerdir hammamlar hem gurlupdyr. Gurultaýa 20 müň çözüji sesli wekil, oňa gatnaşyjylara hyzmat etmek üçin getirilen adamlary hem hasaplanyňda, jemi 100 müň adam gatnaşypdyr. Gurultaýda Nedir şeýle mazmunda söz sözläpdir: «Köpiňiziň menden nägiledigiňizi gowy bilýän. Elbetde, siz hem käbir babatda mamla. Emma ýurdumyzyň ençeme ýyllap kesekiler tarapyndan basylyp alnandygyny hem unutmalyň. Öz ýurdumyzy halas etmek üçin güýçli goşun gerekdi. Güýçli goşuny döretmek üçin gaznada pul bolmaly. Şonuň üçin hem biz salgytlary artdyrmaly bolduk. Biz halkymyzy puldan mahrum etdik, emma Alla şükürler bolsun, öz ýurdumyzy welin, Hudaýyň hem-de siziň gylyçlaryňyzyň kömegi bilen halas etdik. Watanymyzyň serhetlerini dikeltdik. Bize öňde hem köp işler garaşýar. Size täze şany saýlamagy teklip edýärin. Mundan beýläk bu döwleti güýçli döwlete öwürmek gerek. Şonuň üçin bu mesele hakda gowy oýlanyşyň!». Nediriň teklibi birnäçe gün ara alnyp maslahatlaşylandan soň, gurultaý Nediriň özüni Eýranyň şalygyna teklip edýär. Ine, şol uly wekilçilikli gurultaýda Nedirguly sefewileriň häkimiýetden çetleşdirilmegini, ak atkeçä göterdip, türkmen töresine laýyklykda özüni şa saýlamaklaryny gazanypdyr. Ol Nedir şa ady bilen 1736 — 1747 ýyllarda Eýran döwletini kanuny esasda dolandyrypdyr. Nedir Eýranyň paýtagtyny hem gündogara — Maşada geçiripdir.
Nedir şa tagta çykanda Eýranda üstün gelen sünnüligiň dört mezhebiniň üstüne ýurduň şaýy ilatynyň jafarylyk mezhebini hem resmi derejedäki bäşinji mezhep hökmünde goşmaklygy şert edip goýupdyr. Aslynda, Nediriň mezhep agzybirligine üns bermeginiň özüne ýetesi sebäpleri bardy. Çünki ol sefewi şasy Hüseýiniň döwründe sünnüleriň yzarlanmagynyň Dagystanda, Horasanda, Kürdüstanda, Owganystanda iri gozgalaňlara getirendigine gözli şaýat bolupdy. Nedir öz döwletini döredende türkmenler bilen birlikde sünni kürtleri, owganlary, özbekleri öz tarapyna çekipdir.
Emma Nediriň mezhepleri birleşdirip, şaýylary jafarylyk mezhebine goşmak islegi, muny iň uly sünni döwleti hökmünde osmanlylaryň goldamagyny gazanjak bolmagy asla başa barmandyr (ýeri gelende ýatlasak, Nedir şadan birnäçe asyr öň oguzlaryň halaç kowumyndan bolan Alaeddin Halajy Deli soltanlygynda türkileriň indus ilatly ýerlerde berk ornaşmagy üçin dürli dine uýýan bu iki ilat üçin bir bütewi düşünjeli mezhebi döretmäge synanyşandygyny hem ýatlalyň). Nediriň dini özgertmelerden esasy maksadynyň syýasy utuş gazanmak isländigi — yslamyň mezhepleriniň arasyndaky gapma-garşylygy ýok edip, täze syýasy ideologiýany esaslandyryp, onuň baýdagynyň astynda iri yslam imperiýasyny döretmekçi bolandygy mälim. Bu maksadyna ýetmek üçin Nedir bir türki kökden dörän Osman döwletine, dostlukly gatnaşykda bolmagy yzygiderli teklip edipdir. Muňa onuň ençeme diplomatik hat alşyklary güwä geçýär. Emma Osman soltanlary Nediriň bu matlabyny syýasy hilegärlik saýyp, ony goldamandyrlar. Netijede, Owşar dinastiýasy bilen Osman döwletleriniň arasyndaky sünni umumylygyna esaslanan strategiki ýaranlygy gazanmak başartmandyr.
Nedir şanyň 1739-njy ýyldaky Hindistana ýörişi aýratyn sahypa bolup taryha girdi. Ilkinji söweşde Nedir şa Muhammediň goşunlaryny ýeňipdir. Ýogsam şol söweşe Nedir şanyň 55 müň goşuny, Muhammet şanyň bolsa 75 müň goşuny gatnaşypdyr. Muhammet şanyň leşgeriniň ep-esli agdyklygyna garamazdan, söweşde ýeňilmegi bilen, Nedir şanyň Beýik Mogollar imperiýasynyň düýbüne palta uranlygy bütin dünýä äşgär bolupdyr.
Mogol şasy Muhammediň hem türkmendigi sebäpli, Nedir ony tagtynda galdyrypdyr. Öwezine 700 mln. rupiýa barabar bolan hazynany alyp, yzyna dolanypdyr. Nedir şanyň Muhammetden alan hazynasynyň içinde dürli gymmatbaha daşlardan ýasalan dünýä belli «Tawus tagty» we mogol täjiniň bezegi göwher hem bar eken. Nedir şa Muhammediň şa tagtyny yzyna gaýtaryp berip, Deliden çykyp gaýdypdyr.
Çeşmeler Nedir şanyň Hindistandan 1000 sany pili, 7 müň sany aty, 10 müň düýäni, 130 ýazyjy-şahyry, 200 sany demirçi ussany, 300 sany binagäri, 100 sany daş ussasyny, 200 sany agaç ussasyny alyp gaýdandygyny habar berýär. Nedir şa ýygnan şol baýlyklarynyň hasabyna öz halkyny 3 ýyllap dürli salgytlardan boşadypdyr. Şu zatlaryň hem gadyry bilinmän, 53 ýaşynda (1741 ý.) Dagystana 100 müň adamly goşun bilen ýörişe çykanda, öz janyna kast edilmäge şowsuz synanyşyk edilensoň, Nediriň hemmelere bolan müňkürligi artýar.
Hindistany eýelänsoň, Nedir şa Hywa we Buhara hanlyklaryna ýöriş guraýar. Onuň 1741 — 1743-nji ýyllarda Dagystana guran ýörişi şowsuz tamamlanypdyr. 1743 — 1746-njy ýyllarda Osman türkmenleriniň döwletine garşy uruşlar alyp barypdyr. Ol 55 ýaşynda (1743 ý.) Bagdady, Kerkugy, Mosuly, Omany eýeläpdir.
Nedir şa 1744 — 1745-nji ýyllarda Kars söweşinde ýeňiş gazanyp, Osman döwleti bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşýar. Emma osmanlylara garşy uruşda doly ýeňiji bolmak Nedire başartmandyr, sebäbi ýurduň öz içinde başlanan gozgalaň urşy dowam etmäge mümkinçilik bermändir. 1746-njy ýylda baglaşylan şertnama görä, iki döwletiň arasyndaky serhediň öňki-öňküligine galdyrylmagy (status-kwo) barada ylalaşylypdyr.
Şeýlelik bilen, Nedir şa gysga wagtda Sefewiler döwletiniň öňki elden gideren ýerlerini yzyna gaýtaryp alyp, döwletiniň bütewiligini dikeldipdir. Ol içeri syýasatda mezhep agzybirligini gazanjak bolupdyr. Yslamyň bu iki ugrunyň arasyndaky düşünişmezligiň soňuna çykmak isläpdir. Ol ýerli hökümdarlaryň hukuklaryny çäklendiripdir. Boýun egmek islemediklerini ýa-da närazyçylyk bildirjek bolanlaryny jezalandyrypdyr. Bu ýagdaý oňa garşy dildüwşügiň döremegine getiripdir. 1747-nji ýylda köşk dildüwşügi netijesinde Nedir şanyň janyna kast edilipdir. Dildüwşüge gatnaşanlar Nediriň ýegenini tagta geçiripdirler.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI