
15/03/2025
484
MILLI BAHAR BAÝRAMY – HALKARA NOWRUZ GÜNI
Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. “Nowruz – now – täze, ruz – gün” diýmekligi aňladyp, gadym döwürlerden bäri bellenilýän meşhur täze ýyl baýramydyr. Nowruzda ösümliklerden taýýarlanýan naharlara aýratyn üns berilýär. Bar bolan däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmaly, ýagny däneli ösümlikleriň ýedi görnüşi bolan bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba ýaly ösümliklerden taýýarlanmaly.
Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda — mart aýynyň 21-inde bellenilipdir. Nowruzy günorta we gündogar Türkmenistanyň oturymly we ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty has şowhunly belläpdir. Belli alym N.Krameriň «Taryh Şumerde başlaýar» atly kitabynda türkmenleriň gadymy kowumdaşlary hasaplanylýan şumerleriň ruhy medeniýetinde bu baýramyň dabaraly bellenilýändigi ýazylypdyr.
Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar.
Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Köpmilletli «Nowruz baýramy» hödürnamasyna 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Addis-Abebada (Efiopiýa) geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 11-nji mejlisiniň barşynda seredildi we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde 21 –nji mart Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri hem türkmen halky her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz gününi uly dabara bilen belläp geçýär. Halkara Nowruz gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bellenilip geçilýär.
Nowruz baýramynyň özboluşly tagamy bolan-semeni hem-de dürli türkmen milli naharlary taýýarlanylýar, bu bolsa türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna hormat goýýandygyny aňladýar. Diýmek, Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň, asuda hem-de parahat durmuşyň yşaratyny has-da parahatçylygy we ynanyşmagy alamatlandyrýan ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramdyr.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.