25/11/2024
1058
Merkezi Aziýa ― dünýä nazarynyň merkezinde
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler okgunly häsiýete eýe bolup, Türkmenistan döwletimiz bu babatda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň we sebitdäki hemme döwletleriň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş edendigini bellemek ýakymlydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşanydyr hem-de Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işlerini, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formatynyň yzygiderli berkidilýändigini, şeýle-de Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler Jarnamasynyň kabul edilendigini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilendigini agzamak bolar.
Merkezi Aziýa diňe bir häzirki wagtda däl, eýsem-de bolsa, taryhyň ähli döwürlerinde-de halklaryň arasynda dürli ugurly gatnaşyklary alyp barmakda geografik amatlylyk bilen bir hatarda, medeni-aň jähetden hem ygtybarly bolupdyr. Çünki birek-birek bilen hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ýola goýmak üçin, ilkinji nobatda, aň-düşünje kämilligi gerek. Beýik-beýik döwletlere, hanlyklara, begliklere şaýatlyk edip, ylym-bilimiň ojagynda kemala gelen sebitiň ösen düşünjeli, kämil ruhly halklary bolsa bir-biregiň diline, dinine, dünýägaraýşyna hormat goýmagy başarypdyr. Şonuň netijesinde-de bu sebitiň üsti bilen medeniýetleriň bitewüligi, syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň berkligi kemala gelip, biziň häzirki günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurdaky alnyp barylýan işleri mynasyp dowam edýär. Has dogrusy, ýurdumyz Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň we netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, sebit hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda, sportda we beýleki ulgamlarda dialoglaryň dürli görnüşleriniň öňe sürülmegi sabyrlylyk, birek-birege hormat, ylalaşyklylyk esasynda bilelikdäki işleriň ilerledilmegine ýardam berýär. Şu jähetden, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyny görkezýär.
Dünýä ykrarly «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» Kararnama «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa bilen birlikde Ýer ýüzüne bagtly durmuşyň ilçisi bolup ýaýylar. Milletleri, halklary dostlaşdyrar, doganlaşdyrar. Parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Perhat MÄHREMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
Последние новости
23/12/2024
Открывая новые горизонты21/12/2024
«Akylly» şäheriň täze üstünligi