08/07/2024
188
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitiniň abadançylygy, parahatçylygy, gülläp ösüşi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň we netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, sebit hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýeleýär.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriler. Şeýle görnüşde geçirilýän duşuşyklar sebitiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olary çözmekde ýokary ähmiýetli platforma bolup hyzmat edýär. Ýokary derejedäki şeýle çäreler sebit hyzmatdaşlygynyň barşy we maksady barada giňişleýin garaýyşlary kemala getirmäge, Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda ýurdumyzda geçirilipdi. Şol duşuşykda hem sebitimiziň ösüşine oňaýly täsir etjek möhüm çözgütler kabul edilipdi.
Merkezi Aziýa diňe bir häzirki wagtda däl, eýsem-de bolsa, taryhyň ähli döwürlerinde-de halklaryň arasynda dürli ugurly gatnaşyklary alyp barmakda geografik amatlylyk bilen bir hatarda medeni-aň jähetden hem ygtybarly bolupdyr. Çünki birek-birek bilen hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ýola goýmak üçin, ilkinji nobatda, aň-düşünje kämilligi gerek. Beýik-beýik döwletlere, hanlyklara, begliklere şaýatlyk edip, ylym-bilimiň ojagynda kemala gelen Merkezi Aziýa sebitiniň ösen düşünjeli, kämil ruhly halklary bolsa bir-biregiň diline, dinine, dünýägaraýşyna hormat goýmagy başarypdyr. Şonuň netijesinde-de bu sebitiň üsti bilen medeniýetleriň bitewüligi, syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň berkligi kemala gelip biziň häzirki günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Muhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.