16/10/2023
1170
Merkezi Aziýa bilermenler forumy: Sebit ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözleýär
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde “Merkezi Aziýa: Özara gatnaşyklaryň aýratynlyklary” ady bilen Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň 6-njy forumy geçirildi.
Sebitdäki öňdebaryjy analitikleriň we bilermenleriň nobatdaky duşuşygy BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň goldamagynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Strategik barlaglar instituty tarapyndan guraldy.
Konferensiýanyň işine Merkezi Aziýa sebitinden wekilçilik edýän 60-dan gowrak hünärmen çagyryldy. Has takygy, duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň strategik barlaglar institutlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, metbugat wekilleri we syýasaty öwrenijiler gatnaşdy.
Forumy Gyrgyzystanyň hökümetiniň başlygy Akylbek Žaparow açyp, ol halklary has ýakynlaşdyrmakda we sebitleýin durnukly ösüş üçin esas bolmaly binýady döretmekde bilermenler jemgyýetiniň möhüm ornuny belläp geçdi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Birleşen Milletler Guramasynyň planetada parahatçylygy we asudalygy saklamaga goşandynyň az däldigini belläp, bu ugurda möhüm rol oýnaýan faktorlaryň we başlangyçlaryň goldanýandygyny aýtdy.
Gyrgyzystanyň Milli Strategiki barlaglar institutynyň müdiri Kanatbek Aziz Merkezi Aziýa “şengenini” döretmek pikirini nygtap, bu pikiriň iş ýüzünde amala aşmagynyň dünýäniň sebitimize bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrjakdygyny mälim etdi.
Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň müdiri Ýerkin Tukumow öz çykyşynda öňümizdäki 30 ýylda ysnyşykly sebitleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini elden gidermäge hakymyzyň ýokdugyny belläp, sebitiçre ykdysadyýetiň birek-biregiň üstüni doldurmak ýörelgesini integrasiýanyň geljegi uly bolan wektory hökmünde görkezdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglary institutynyň ýolbaşçysy Eldor Aripow, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary tarapyndan sebit hyzmatdaşlygy üçin örän amatly formatlaryň döredilendigini aýdyp, şolaryň hatarynda yzygiderli geçirilýän Konsultatiw duşuşyklary hem-de “C5+” formatynyň çäginde dünýä ykdysadyýetiniň iri aktorlary bilen ählumymy hyzmatdaşlyk babatda geçirilýän sammitleri aýratyn nygtady. Şol bir wagtda, ol geçen döwürlerde hyzmatdaşlyk üçin dürli formatlaryň döredilendigini, emma täsiriniň ýetrlik bolmandygyny aýdyp, häzirki wagtda sebitiň integrasiýasyna hakyky itergi berjek formatlaryň işläp düzülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şiri Şiriýew Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň ýaňy-ýakynda geçirilen 5-nji Konsultatiw duşuşygynyň jemleýji netijeleri barada gürrüň berdi. Öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň Söwda palatasynyň, Täze tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Geňeşiniň, Energetika gepleşikleriniň, sebit transport we logistika platformasynyň döredilmegi barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Duşanbe şäherinde geçirilen sammitde öňe süren başlangyçlarynyň üstünde durup geçdi.
Şeýle hem Şiriýew öz çykyşynda özara gatnaşyklar üçin belli-bir “nusgalyk görnüşi” ýa-da “standarty” gözlemegiň hajatynyň ýokdugyny nygtamak bilen, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan doganlyk kökleriniň özara baglaýandygyny we bu gatnaşyklaryň sebitde döwletara gapma-garşylyklarynyň ýüze çykmagyna hergiz ýol bermejekdigini aýtdy.
Umuman aýdylanda, analitiki merkezleriň wekilleri ýurtlaryň özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň, çekilen maýa goýumlarynyň mukdarynyň artmagyny we beýleki ykdysady görkezijileri Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň mysaly hökmünde belläp geçdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi