30/11/-0001
453
Maksatlar menziline gowşanda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň ylymly-bilimli, zamanabap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Orta we ýokary okuw mekdepleri döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.
Geçen okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Maňa bu bäsleşige gatnaşyp, onuň jemleýji tapgyrynda II orna mynasyp bolmak miýesser etdi. Bu bäsleşik türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny, alyp barýan halkara we sebitara syýasy-ykdysady gatnaşyklaryny has içgin öwrenmäge uly ýardam etdi. Bir söz bilen aýdanymyzda, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» öňümde goýan maksadymyň hamyrmaýasy boldy. Çünki men «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby boldum.
Biz — ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy, saýlan hünäriniň ussat eýesi bolmagy, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hojamyrat Baýlyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.