02/09/2023
1214
MAKSADA UZAÝAN ÝOLLARDA
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda biz — ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary babatda bimöçber işler alnyp barylýar. Döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir» diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän belent ynamy ösüp gelýän ýaş nesli üstünliklere ruhlandyrýan güýç, ukyp-başarnygymyz, zehinimiz bilen Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşlerine saldamly goşant goşmagymyza ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Her ýylyň öz şygarynyň bolşy ýaly, şu ýyl hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýip yglan edildi. Bu bolsa ýaşlara bildirilýän ynamyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümine gatnaşmak bagty miýesser etdi. Bu akyl-paýhas bäsleşigi meniň ykbalymy düýpgöter özgertdi. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň her bir oýny gyzykly, çekeleşikli we tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Ykbal özgerdiji bu bäsleşik geljekki hünärimi saýlamaga hem uly itergi berdi. Şeýle hem men Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde geçirilen «Watanyň daýanjy — bilimli ýaşlar, Arkadag Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly ders olimpiadasynda III orna mynasyp boldum. Bu ýeňşim meniň okuwa bolan höwesimi has-da artdyrdy. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda geçiren okuw sapagyna sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly gatnaşdym. Bu okuw sapagynda halypa diplomat Aksoltan Ataýewa gymmatly maslahatlary berdi hem-de bizi diplomat bolmaga höweslendirdi.
Ine, bu günki gün bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby boldum. Bize ylym öwrenmäge, okamaga, döretmäge döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
02/07/2024
«Юные вестники мира»: новости проекта01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR