03/03/2025
54
“MAKROYKDYSADYÝETIŇ WEZIPELERI” ATLY WEBINAR GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň hem-de ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda, “Makroykdysadyýetiň wezipeleri” atly webinar geçirildi. Oňa sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu webinarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty, dosent Öwezmyrat Bäşimow çykyş etdi.
Sanly okuw sapagynyň dowamynda halypa mugallym ýokary bilimli ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamakda ylmy taýdan öwrenilmegi zerur bolan makrogörkezijiler, ýagny, döwlet býujeti, milli hasapçylyk ulgamy, puluň hümmetsizlenmegi, töleg balansy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Makroykdysadyýeti öwrenmekde bolup geçýän hadysalara akyl ýetirmegiň özüne mahsus bolan ykdysady kanunlary barada edilen gürrüňler talyp ýaşlar üçin örän täsirli boldy.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkemnistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň uly mugallymy.