1414
Makroykdysadyýet dersinden sapak geçirildi
2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady kafedrasynyň dosenti, teh.y.k. Öwezmyrat Bäşimow fakultetimiziň 303-nji toparynda “Makroykdysadyýet” dersi boýunça sapak geçdi. Sapakda 1 aýyň dowamynda geçilen temalaryň esasy pursatlarynyň üstünde durulyp geçildi. Sapagyň maksady özlerini gowşak hasap edýän talyplarda derse höwes döretmek. Çykyş etmäge isleg bildiren talyplar A.Toýgulyýew, A.Annameredow, R.Hanow, D.Jumagylyjow. Sapaga institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymlary R.Bäşimow, B.Ataýew, P.Çaryýew, M.Mämedowa gatnaşdylar. Sapak sorag-jogap görnüşinde geçirildi. Mugallymlar sapagyň ahyrynda çykyş etdiler we öz teklipleriniň üstünde durup geçdiler. Ýagny, her talybyň çykyşyndan soň degişli tema boýunça sorag-jogap alyşmagyň wagtyny köpeltmek we çykyş edýän talyplaryň sanyny köpeltmek barada teklip berdiler. Şeýle-de mugallym geçilen dersleriň esasy pursatlarynyň käbirleri boýunça giňişleýin maglumatlary talyplaryň dykgatyna ýetirdi.
Bilbil BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.