21/12/2023
760
Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki diplomatlara mahsus sypatlar barada
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diplomatlara mahsus bolan gylyk-häsiýetler baradaky ündewlere hem örän baýdyr. Geliň, şol ündewleriň käbirleriniň üstünde gysgaça durup geçeliň.
Ozaly bilen, akyldar şahyrymyzyň: «Akyl — ruhuň şatlygy, körzehinlik — betbagtlyk» diýmek bilen, öz ündewleriniň arasynda ilkinji orunlaryň birinde ýiti akyllylygy, akylyň özbaşdaklygyny, pikir ýöredip bilmekligi goýandygyny belläp geçeliň. Şeýle hem akyldar şahyrymyz diňe hakykata uýmaklygyň ynsany beýgeldýändigini, diňe hakykatyň jemgyýeti betbagtçylykdan gorap biljekdigini nygtamak bilen, dogruçyl bolmaklygy ündew edýär.
Özüniň döredijiliginde ruhy atamyz adamlary adalatly, edepli, mähirli, mylaýym, akgöwünli, ýakymly, sypaýyçylykly, ünsli, umuman, gowy gylykly bolmaklyga, ýaşy ulyny sylamaklyga we oňa hormat goýmaklyga çagyrýar. Beýik şahyrymyz, şeýle hem halal işlemeklige, az geplilige, ugurtapyjylyga, ýatkeşlilige, sabyrlylyga, jedele goşulmazlyga, tutanýerlilige, işjeňlige, iş başarjaňlyga, diňleýjilik ukybyna, habar soralmaýan ýerde diliňi saklap bilmeklige, ýeterlik derejede özüňe erk edip bilmeklige, parahat häsiýetlilige, özüňi deňeşdirmekde tanamaklyga, paýhasly pikirlerden ýüz öwürmezlige, ýagdaýa dogry baha berip bilmeklige, sözläňde söz aslyna ýagşy ýetmeklige, öz nukdaýnazaryňy aýdyň we sowatly beýan edip bilmeklige, ýagşy işler etmeklige, ýagşyny ýamandan tapawutlandyryp bilmeklige, sözüňe ygrarly bolmaklyga ýokary baha berýär.
Akyldar şahyrymyzyň diňe özünde akyly bolan adamyň akyla baha berip biljekdigi, munuň üçin paýhasyň zerurdygy, zähmete bolan söýgini her adamyň ýüreginde saklamalydygy, hakykaty köpeltmekligiň wajyplygy, ähli zatda — sözde, hereketde çeni-çaky bilmekligiň möhümligi, dünýäde her bir ynsanyň gowulykdan yz galdyrmalydygy, Watana, halka wepaly bolmak ýaly ündewleri hem onuň hiç wagt gymmatyny ýitirmeýän nesihatlaryna degişlidir.
Ylym medeniýetiň iň möhüm bölegi we adamzadyň döredijilik zehininiň iň ýokary ýüze çykmalaryndan biridir. Ylmyň gazananlary umumadamzat ähmiýetine eýedir. Hut şonuň üçin hem, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ylmyň ýokary ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şeýle hem akylly, parasatly adamlaryň jemgyýetde alada bilen gurşalyp alynmagy, ýaşlarda şeýle adamlara bolan ýokary hormaty terbiýelemek, olarda ylma bolan söýgini döretmek we ösdürmek ýaly ündewler hem uly orun tutýar. Muňa akyldar şahyrymyzyň: «Alymlara uýsaň, açylar gözüň», «Alymlaň sözün diňle, nesihatyn al-göter», «Alymlar kemelse, edep tapmaz sen», «Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr», «Mynasyp adamlarda nazaryňy sakla», «Pähimli maslahatdan ýüz öwürme» ýaly gymmatly nesihatlary hem şaýatlyk edýär we şol ündewler türkmeniň däbinde, döwletimiziň özbaşdak, berkarar döwleti gurmak boýunça meýilnamasynda mynasyp orun tutdular. Muny Türkmenistanyň daşary syýasatda ylmyň arkalaşygyna daýanýandygy, döwletimiziň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň ylmy esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyny talap edýändiginden gelip çykýandygy hem aýdyň subut edýär.
Türkmen diplomatlarynyň daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ylmy esaslaryny gowy bilmekleriniň olaryň amaly diplomatik işiniň netijeliligini ýokarlandyrýandygyny, şeýle hem halkara gatnaşyklaryň nazaryýetiniň ösmegine ýardam edýändigini tejribe görkezýär. Şu jähetden, geljekki türkmen diplomatlarynyň diplomatik gullugyň esaslaryny düýpli özleşdirmekleri bilen bir hatarda, olaryň ylmy işe — wajyp halkara meseleleriň ylmy taýdan işlenilmegine işjeň çekilmekleri hem örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi olarda amaly diplomatiýany amala aşyrmaga, daşary syýasatyň we diplomatiýanyň meseleleriniň ylmy taýdan işlenilmegini utgaşdyrmak boýunça endikleri işläp taýýarlamaga köp derejede ýardam edýär.
Beýik akyldarymyz we söz ussadymyz Magtymguly Pyragy özüniň döredijiliginde «Akyl kesmez, dür ýasalmaz ussatsyz», «Magtymguly, tälim algyn ussatdan» ýaly ündewleri-de öňe sürýär. Bu bolsa onuň jemgyýetde ussatlyga we ussada beren aýratyn ornundan habar berýär.
Dörän şu mümkinçilikden peýdalanyp, diplomat we halkaraçy-alym hökmünde men özümiň ynançlarymyň, umuman, dünýägaraýşymyň emele gelmeginde we kämilleşmeginde beýik akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň uly orun tutandygyny aýratyn belläp geçmekçi. Bu bolsa maňa köp derejede Watanymyzyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň ençemesi boýunça üstünligiň iň ýokary derejelerine çykmaga we onlarça ýyllaryň dowamynda iň ýokary diplomatik wezipeleri talaba laýyk, ýokary netijeli dolandyrmagyň girewlerini elimde mäkäm saklamaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri tarapyndan beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň hemişe düýpli öwrenilmegi we onuň amaly işde döredijilikli peýdalanylmagy ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary syýasatymyzyň netijeliligini yzygiderli artdyrar, bu bolsa öz gezeginde, daşary syýasy çäkde milli-döwlet bähbitlerimiziň has doly üpjün edilmegine ýardam eder.
Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
Türkmenistanyň ussat diplomaty,
professor, taryh ylymlarynyň doktory,
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI