26/06/2024
553
Magtymguly – umumadamzat şahyry (oýlanma)
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
˗ Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar,
oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär.
Magtymguly – umumadamzat şahyry
(oýlanma)
Institutymyzyň umumy ýaşaýyş jaýynyň öňünde talyp oglanlardyr gyzlar üýşüp durdular. Olaryň ýüzlerinden adatdakydan üýtgeşik şatlyk duýgusyny, ýüreklerindäki tolgunmalaryny aňsatlyk bilen görmek bolýardy. Sebäbi bu gün türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlary sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrüň gudraty – Arkadag şäherine barýardylar.
Her gezek Arkadag şäherine tarap ýola düşenimizde, göwnüňi söz bilen beýan etmesi kyn bolan ajaýyp duýgular gurşap alýar. Köpetdagyň eteginde, türkmen tebigatynyň iň bir ajaýyp künjeginde ýerleşen, ekologik taýdan arassa, ýaşlygyň hem geljegiň şäheri bolan «akylly» şäher Arkadag jana şypa howasy, ajaýyp ymaratlary, giň şaýollarydyr köçeleri bilen bu ýere gelýän her bir ynsany özüne haýran edýär. Arkadag şäherine golaýlap ugranymyzda, bu şäheriň uzakdan seleňläp görünýän gözel ymaratlaryny synlap, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy» diýen ajaýyp setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Magtymguly Pyragynyň «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar» diýşi ýaly, şäherde halkyň arasynda elmydama ýagşylykda ýatlanylýan beýik ynsanlaryň atlary dakylan dürli ymaratlary synlap barşyňa, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda nazaryň eglenýär. Şunda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Ylym öwreden – ussat kyblam pederdir» diýen setirleri hakydaňa dolýar. Ýöne Arkadag şäherine bu gezekki saparymyz has hem ajaýyp, has hem täsirli boldy. Sebäbi bu gezek geljekki halkaraçy hünärmenler bolan biz – talyp ýaşlara Arkadag şäherinde ilkinji gezek guralýan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen «Magtymguly – umumadamzat şahyry» atly brifinge gatnaşmak miýesser etdi. Bu brifingiň dowamynda çykyş eden ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle-de daşary ýurtly wekilleriň aýdan sözlerini diňläp oturşyňa, türkmeniň akyldar ogly, her bir setiri «guba düýä» deňelen, şygyrlaryny külli adamzada miras goýup giden Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň ýurdumyzyň çäginden alyslara çykyp bütindünýä ýaýrandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Akyldar şahyr: «Seýl edeliň bu jahana, Jahanda näler görüner» diýip, dünýä ýüzüne syýahat etmegi arzuwlan bolsa, bu günki gün onuň pähim-paýhasdan püre-pür setirleri ähli adamzadyň ýürek töründe ýaşaýar, jahan içre ýaň salýar. «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýip goşgy setirlerinde belläp geçen akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi hem söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyraga diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem, bütin dünýä halklary tarapyndan goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda toýlar toýlara ulaşýar, toýlaryň yzy gür gelýär. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Arkadag şäheriniň 1 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerine gabat gelmegi hem ýurdumyzda şanly toýlaryň uludan toýlanýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Älem nury» atly sahna eseriniň tomaşaçylara ýetirilmegi dabara has aýratyn öwüşgin çaýdy. Sözümizi rus ýazyjysy we dramaturgy Georgiý Markowyň şeýle sözleri bilen jemlemegi makul bildik: «Beýik Magtymgulynyň adynyň elmydama umumadamzat medeniýetiniň öňdäki hatarynda tutuljakdygyna biz berk ynanýarys».
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.