18/05/2024
1138
«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ATLY HALKARA MASLAHAT
2024-nji ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekillerini, ylym, medeniýet we döredijilik işgärlerini, şeýle hem iri halkara guramalar bolan ÝUNESKO-nyň, TÜRKSOÝ-nyň wekillerini, birnäçe ýurtlaryň alymlaryny, ugurdaş hünärmenleri, akyldar şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanýan dünýä bilermenlerini bir ýere jemledi.
Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynam bildirilýär.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän halkara ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr. Bular barada forumyň umumy mejlisinde edilen ylmy çykyşlarda giňden durlup geçildi.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, halkara ylmy maslahat öz işini bäş bölümçede dowam etdi. «Magtymguly — halklaryň dostluk köprüsi» diýlip atlandyrylan bäşinji bölümçe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Bu bölümçede «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, şeýle hem Germaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Liwanyň, Serbiýanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ylmy merkezleriniň, akademiki bilim ojaklarynyň wekilleridir ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli akyldar şahyrynyň parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňden wasp eden eserlerine goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan medeni diplomatiýanyň öňe ilerledilmegine aýratyn üns berýär.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen bölümçede alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini, olaryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän sena hökmünde ykrar edilendigini nygtadylar. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň häzirki döwürde-de agzybirligi pugtalandyrmakda, halklary jebisleşdirmekde, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda işjeňleşdirmekde ähmiýetlidigine üns çekildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasynda forumyň jemleri jemlenildi. Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, bu forum halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşantdyr. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Forumyň ýörite medeni maksatnamasy oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Arkadag şäherinde boldular, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.