20/10/2023
924
Kiberhüjümler boýunça geçirilen onlaýn maslahaty
2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň çäginde hereket edýän Kiberhowpsuzlyk ugry boýunça öňdebaryjy tejribe merkeziniň meýilnamasyna laýyklykda, “Kiberhüjümleri seljermegiň we olara garşy göreşmegiň usullary” atly onlaýn seminary geçirildi.
Bu onlaýn seminara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşdylar. Onlaýn seminaryň esasy maksady ýurdumyzyň çäginde hereket edýän bilim edaralarynda okaýan ýaşlaryň ünsüni kiberhowpsuzlyk çärelerini maksadalaýyk gurnamaklaryna, peýdalanmaklaryna çekmekden we ony dolandyrmaga ukyply nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Onuň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat goramagyň innowasion tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Nurguly Saryýew, şol kafedranyň mugallymy Guwanç Şahanow, Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nazim Maksadow we Telekommunikasiýalar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Muhammet Töräýew dagylar “Kiberhüjümleri seljermegiň we olara garşy göreşmegiň usullary” atly tema boýunça çykyşlary etdiler. Onlaýn seminaryň çäklerinde tema degişli sorag-jogap alyşdylar.
Kerim ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölüminiň esasy hünärmeni.