16/06/2025
56
“Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat goramagyň innowasion tehnologiýalary kafedrasynyň guramagynda “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý. Oguljan Şyhyýewa we şol institutyň Maglumat goramagyň innowasion tehnologiýalary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý. Myrat Ataýew dagylar çykyş etdiler.
Bu maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça jogapkär mugallymlarydyr hünärmenleri gatnaşyp, olar özara sorag-jogap alyşmak arkaly bu ugur boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler.
Meýlis GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.