16/07/2024
1211
Kämillik menzillerinde
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär saýlamagy, öz ukyp-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyryp, öňde goýan maksatlaryny amal etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüm gurluşynyň we okuw-terbiýeçilik işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Häzirki döwürde öňde goýlan wajyp wezipeleriň biri hem halkara gatnaşyklar ulgamynda netijeli işläp biljek ýokary taýýarlykly hukukçylary ýetişdirmek bilen baglydyr. Bu babatda geljekki hünärmenleriň ykdysady diplomatiýanyň we halkara arbitraž hukugynyň inçe tärlerini ele almagy möhümdir. Şu jähetden ugur alnyp, institutymyzda halkara arbitraž we işewürlik hukugy boýunça taýýarlygyň täze magistr ugrunyň açylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylanda, milli kanunçylygyň we halkara hukugyň binýatlyk kadalaryny, halkara söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de işewürlik jedelleri ýüze çykan halatynda döwletiň bähbitlerini goramakda wajyp wezipelere aýratyn üns berler.
Ylmy-gözleg işlerini alyp barmaga, ýurdumyzda daşary ykdysady gatnaşyklaryň şertlerinde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny düýpli öwrenmäge ukyply ýaşlary ýetişdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Täze açylan magistr ugrunyň okuw meýilnamasynyň wezipeleri hem halkara hukugyň möhüm meselelerinden, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň milli kanunçylyk we halkara hukuk esaslaryndan, sebitiň we dünýäniň syýasy-hukuk ugurlaryndan baş çykarýan halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, halkara jedelleri gepleşikler arkaly çözmekde ulanylýan syýasy-hukuk, araçyllyk-kadalaşdyryş serişdeleriniň derejelerini kesgitlemek we ulanmagyň ýollaryny bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda Konwensiýa goşulmagy bilen, agza döwletiň çäginde kabul edilen arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ýaly işlerde ýüze çykýan meseleleri çözmekde kämil hünärmenleriň orny uludyr. Döwletiň ýa-da ýuridik hem-de fiziki şahslaryň hukugyny maliýe, maýa goýum we ykdysady jedellerde goramakda ökde hünärmenler döwrüň zerurlygy bolup öňe çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan, döwrüň talaplaryndan ugur alyp, halkara gatnaşyklar ulgamynda mähriban Watanymyzyň milli bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goragynyň üpjün edilmegine, pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjak ýaşlary terbiýelemekde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde mundan beýläk-de ähli tagallalar ediler.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti 16.07.2024 ý.// https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/156318