17/09/2024
541
Kämillige tarap ýene bir ädim
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly öňe barýan ata Watanymyz ýaşlaryň bähbidini ileri tutýan, ýaş nesliň göwnejaý ösüp ulalmagy babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipeleri amal etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde tutuş dünýäde tanalýar. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ösüşler halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kämil ösmegine, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri hökmünde giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Bu babatda döwrebap şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa, döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir.
Geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri kemala getirýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplarynyň güýzki önümçilik tejribeligini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we wekilhanalarynda geçmegi hem ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyň subutnamalaryndan biridir.
Has takygy biz, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Akgözel Rasulowa, şeýle-de şol fakultetiň 5-nji ýyl talyby Ogulnur Döwletýarowa 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda özümiziň güýzki önümçilik tejribeliklerimizi geçmäge başladyk. Biz bu önümçilik tejribeligimiziň dowamynda nazaryýetde alan ylymlarymyzy amalyýetde kämilleşdirip, saýlap alan hünärimize mynasyp bolup ýetişmekligi hem-de bize bildirilýän ynamy ödemekligi maksat edindik. Şeýle-de, geljekki hünärini diplomatiýa bilen baglanyşdyran ynsan üçin dil bilmeklik ilkinji zerurlyk bolup durýar. Biz hem bu tejribeligiň dowamynda öz dil ukyplarymyzy kämilleşdirip, ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn syýasaty bolýan ýurdumyzda beýan edip, ýurdumyzyň at-abraýynyň halkara derejede ýaýramagynda öz goşandymyzy goşmagy esasy wezipämiz hasaplaýarys.
Döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler, biz ýaşlaryň hünär başarnyklarymyzy we ukyplarymyzy kämilleşdirmäge ýardam edýär, biziň öz ýokary okuw jaýymyzda alan tejribelerimizi we bilimlerimizi baýlaşdyrýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky tagallalary, biz ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Akgözel RASULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.