03/11/2023
891
«Inžener ugurly ýokary hünär bilim edaralaryna okatmagyň STEM usulyýetini ornaşdyrmak döwrüň talaby» atly onlaýn maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň gurnamagynda wideoaragatnaşyk arkaly «Inžener ugurly ýokary hünär bilim edaralaryna okatmagyň STEM usulyýetini ornaşdyrmak döwrüň talaby» atly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa «STEM döwrebap bilim bermegiň innowasion çemeleşmesi hökmünde» atly tema bilen çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda ýaşlara döwrebap bilim bermekligiň täze usullaryny ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrmaklygyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Bilim bermekligiň dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesil baradaky tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.