02/03/2024
368
Institutymyzyň talyp gözeli bilen söhbetdeşlik
Biz gazetimiziň şu sanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Baş baýragyň eýesi bolan Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Leýli Muradowa bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Leýli, ilki bilen, sizi «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň Baş baýragyna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Mundan beýläk-de size üstünlikler arzuw edýäris!
— Sag boluň! Bu meniň talyplyk durmuşymdaky iň ajaýyp pursatlaryň biri. Men bu bäsleşige gatnaşmagy okuwçy wagtymdan bäri arzuw edýärdim. Ine, bu gün bolsa men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp gözeli boldum.
— Leýli, bäsleşikde ýeňiji bolmak üçin nähili taýýarlyk görendigiňiz barada gürrüň beräýseňiz!
— Bu bäsleşigiň esasy şertinde türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem sungat, döredijilik babatdaky ukybymyzy, hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, çeper sahna bilen ýerine ýetirmelidi. Ikinji şerti bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek, üçünji şert «Hünärim bar – hormatym bar» şygar astynda keşde çekmekdi. Men şol şertleriň ählisini doly we dogry ýerine ýetirmek üçin ykjam taýýarlyklar gördüm.
— Bäsleşikde siziň unaş kesişiňiz beýleki gatnaşyjylardan diýseň tapawutlandy. Onuň syry nämede?!
— Men unaş kesmegi ejemden hem-de Hajat gelnejemden öwrendim. Elbetde, unaşy owaldan bäri bişirip ýörenem bolsam, bäsleşige taýýarlygyň soňky günlerinde üstümde has-da köpräk işledim. Bu bolsa maňa bäsleşikde unaşy çalt we gowy kesmeklige ýardam etdi. Munuň syry ejemiň bu nahary bişirmekligi maňa kemsiz öwredenligi bolmagy ahmal.
— Leýli, siziň üçin iň kyn düşen şert haýsysy boldy?!
— Keşde çekmek şerti meniň üçin biraz kyn düşdi. Çünki ol şertde mende birneme tolgunma döredi. Iňňäme sapak sapmak üçin biraz köp wagt sarp etmegim meniň sussumy basdy.
— Leýli, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Söhbetdeşligimiziň ahyrynda geljekde öňde goýýan maksatlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz!
— Geljekde halkaraçy žurnalist bolup ýetişip, ata Watanymyzyň ösüşlerini, parahatsöýüjilikli daşary syýasatyny halkara giňişlige ýaýmak esasy maksadym. Şeýle-de «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda hem üstünlikli çykyş etmegi ýüregime düwýärin. Pursatdan peýdalanyp, biz — talyp ýaşlara ukyp‐başarnyklarymyzy açyp görkezmekligimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzaköp-köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Söhbetdeş bolan:
Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI