
09/04/2025
272
IŇ GYMMATLY HAZYNA – YNSANPERWERLIK
Ynsanperwerlik türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ajaýyp ýörelgeleriniň biridir. Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçiripdirler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda halkymyzyň köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirliginiň, pähim-paýhaslylygynyň, maşgala we terbiýe mekdebiniň binýadyna öwrülen milli däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary watançylygy, ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek gaznanyň esasy maksady bolup durýar.
Ynsanperwerlik, mätäje goldaw bermek ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir. Gaznanyň döredilen gününden bäri näsag çagalara lukmançylyk kömegini bermek we olaryň saglyklaryny dikeltmek, derman serişdeleri bilen üpjün etmek ugrunda ençeme işler durmuşa geçirildi. Saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç näsag çagalara ýüzlerçe operasiýalar geçirildi. Umuman, geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak bilen bir hatarda dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýär. Daşary ýurtly wekiller tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berilýär. Munuň özi döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürýär. 2025-nji ýylyň 15-nji martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda çagalara zerur bolan kömegi bermek meselelerinde Haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saglygy goraýyş we inklýuziw bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda hem pikir alyşmalar geçirildi. Bu bolsa Haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny saklamak we berkitmek, olaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem doly derejeli ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreler amala aşyryldy. Ylmy-amaly maslahatyň, serginiň we aýry-aýry ugurlar boýunça degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň guralmagy uly ähmiýete eýe boldy. 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda döredilmeginiň 4 ýyllygy bellenilýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Munuň özi çylşyrymly ýagdaýda galan çagalara goldaw-kömek bermek işine Türkmenistanyň ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.
Bahar HOJAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy,
taryh ylymlarynyň kandidaty.