786
«HYTAÝ — MERKEZI AZIÝA» SAMMITINIŇ HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGRY
Türkmenistan bilen HHR halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar. Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär. Türkmen-Hytaý ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir hyzmatdaşlyk taslamasy bolman, eýsem ol iki ýurduň halklaryna bagt paýlaýan dostluk taslamasydyr. Taryha nazar salsak, 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylyk etmeginde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly sammit geçirildi. Sammitiň dowamynda Hytaý – Gyrgyzystan - Özbegistan demir ýol taslamasy, Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek, nebit we gaz turbageçirijileri boýunça işleriň alnyp barylyşy, energiýa senagatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň netijeleri boýunça Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki beýannama kabul edildi. Şu ýylyň, 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý wagtyň synagyndan geçen netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar. Türkmenistan we Hytaý bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI