
30/11/-0001
718
Hukuk ulgamyny tehnologiýalaşdyrmagyň ähmiýeti
Häzirki wagtda Watanymyzda ähli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň bedew batly gadamlar bilen öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, islendik pudaklarda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň kämil gazananlaryndan işjeň peýdalanylmagy, bu ulgamyň mümkinçilikleriniň günsaýyn artmagy, "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň" çäklerinde alnyp barylýan umumadamzat bähbitli işleriň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda giňden ýaýbaňlanýandygynyň subutnamasydyr.
Häzirkizaman maglumat jemgyýetinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň orny örän uludyr. Her bir pudakda gazanylan üstünliklerde, ýetilen sepgitlerde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, olary işjeň ulanmagyň ähmiýeti bellärliklidir. Şol sanda, hukuk ulgamy hem ýurdumyzyň iň möhüm ulgamlarynyň biri hasaplanýar. Kazyýet ulgamynda, Prokuratura edaralarynda, adwokaturada, döwlet howpsuzlyk edaralarynda we beýleki hukuk ulgamynyň islendik pudagynda ösen tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ulanylmagy, her bir pudagyň işiniň kämil bolmagyna doly itergi berýär. Şonuň bilen bir hatarda, ulgamlaryň işleriniň özara sazlaşykly alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Her bir pudakda elektron resminamalaryň dolanyşygynyň ýola goýulmagy, bu edaralaryň web saýtlarynyň bütindünýä torunda hereket etmegi we olar baradaky giňişleýin maglumatlaryň web ulgamlarda ýerleşdirilmegi sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Sanly mümkinçilikler arkaly ata Watanymyzyň kanunçylyk binýady bilen içgin gyzyklanmaga giň şertler döredilýär. Bularyñ ahlisi, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, kanunçylyk, hukuk binýadynyň bitewiligi we milli bähbitleriniň mizemezligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bize ähli ugurlarda görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzyň bagtyýar halkyny ösüşleriň aýdyň ýollarynda öňe sary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, halk bähbitli tutýan tutumlary elmydama rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.