18/10/2024
1232
Howanyň üýtgemegi döwrüň wajyp meselesi hökmünde
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda esasy orny eýeläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bar. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýagny 17-sini hem resmi taýdan kabul edip we olary milli meýilnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara uýgunlaşdyryp, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Bularyň ählisi golaýda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Aýratyn-da, ekologiýa ulgamynda möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, Türkmenistan bu ugurdaky iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, howanyň üýtgemegi barada hereketleriň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar.
Howa şertleriniň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň ýokary töwekgelçiligini we geljekki howa ýagdaýyny çaklamak babatynda näbellilik derejesiniň ýokary bolmagyny öz içine alýar. Dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip biljekdigine hem-de oňa ykdysadyýetiň we jemgyýetiň uýgunlaşmagyny üpjün etjekdigine göz ýetirmek barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna Türkmenistan jogapkärli çemeleşýär we bu işe mynasyp goşant goşýar. Çünki bilelikdäki iş hem-de mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy dünýäde parahatçylygy we durmuş üpjünçiligini saklamagyň ýeke-täk ugrudyr.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Bu strategiýa gürrüňi edilýän global meseläniň netijeleri bilen bagly ýurdumyzyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Şeýle hem bu mesele boýunça ençeme resminamalar taýýarlanýar.
Ekologiýa bilen bagly mesele hem ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işiniň üns merkezinde durýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde Türkmenistan ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirer. Bu ugurda eýýäm belli bir ädimler ädildi. 2023-nji ýylyň noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek isleýäris. Şol sebit maksatnamalary howa tehnologiýalaryny ýurdumyza we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir.
Şeýle-de 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (СOP-28) geçirildi. Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyny özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýany alyp barmakda ýerine ýetiren möhüm işi hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamlylygy hem-de yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.
Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ekologiýa babatda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan garaýyşlar beýan edildi. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşary ýurtlular bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär.
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi.
Bakuda geçiriljek (COY19) Ýaşlar maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilen Milli maslahatyň esasy wezipeleri Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň häzirki ýagdaýyny we ýurdumyzyň goşulyşan beýleki halkara ylalaşyklary barada maglumat almakdan hem-de onuň Türkmenistana we tutuş dünýä ýetirýän täsirini öwrenmekden, howanyň üýtgemeginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bilim sessiýalarynyň geçirilmeginden ybaratdyr.
Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanan Bitarap Türkmenistan bu sessiýa gatnaşmaga taýýarlyk görmekde jogapkärçilikli we yzygiderli çemeleşmäni görkezmek bilen, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Perhat MAHREMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI