09/12/2023
841
«HOŞNIÝETLI BITARAPLYK» WE «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATY: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ SYÝASY–YKDYSADY ÖLÇEGI
Türkmenistan häzirki döwürde özüniň anyk ýörelgelerine we aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasaty amala aşyrýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyndan, ykdysadyýetimizde bolsa «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alyp hereket edýär. Ýurdumyz özüniň daşary ykdysady syýasatynda bütin dünýäde ykrar edilen ýörelgelerden ugur alýar. Olara mysal edip, özara peýdalylyk we deňhukuklylyk esasynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşyň içerki işlerine gatyşmazlyk, kabul edilen halkara borçnamalaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeleri görkezmek bolar. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýurtda «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegidir. «Açyk gapylar» syýasatynyň yzygiderli ýöredilmegi ýurdumyzyň okgunly sosial-ykdysady ösüşlerini üpjün etmekde, özgertmelerini amala aşyrmakda we jemgyýetiň özgerişleri üçin oňaýly daşary syýasat şertlerini döretmekde esasy sebäpleriň biridir. Şunda halkara işewür, maliýe-maýa goýum toparlarynyň Türkmenistanda uzakmöhletleýin maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny belläp geçmek gerekdir.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň görkezijisi hökmünde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň barşynda kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny hem milli derejede uýgunlaşdyrdy.
Türkmenistan ykdysady howpsuzlyga ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi hökmünde garaýar. Başgaçarak aýtsak syýasy, energetika, azyk, ekologik howpsuzlyk ýaly äh¬lumumy howpsuzlygyň düzüm birlikleri bolup durýan bu meseleleriň hiç birisi biri-birinden aýratynlykda, baglanyşyksyz, geosyýasy we geoykdysady taýdan bölünişik ýagdaýda hereket edip bilmez. Türkmenistan şu meselede özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanmak bilen howpsuzlygyň bitewüleşen nusgasyny öňe çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen energiýa serişdeleriniň durnuklylygyny, üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek barada öňe süren teklibi jahanyň döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi dünýäniň ykdysady ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýan ýangyç-energiýa ýollarynyň ygtybarlylygyny, durnuklylygyny hem-de üstaşyr geçirilişiniň howpsuzlygyny üpjün etmek¬de halkara derejeli hukuk esaslary bolup çykyş edýär. Ine, şu getiren mysalymyz Türkmenistan döwletiniň ykdysadyýetiniň ösdürilişiniň milli nusgasyny dünýä äşgär edýär, jahanyň ählumumy howpsuzlygyna uly goşant bolýar. Ýangyç-energiýa geçirijileriniň howpsuzlygy dünýäniň döwletleriniň bilelikdäki tagallalary bilen amal edilip bilner.
Halkara gatnaşyklaryň ulgamyna işjeň goşulyşmak bilen, Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek işine mynasyp goşant goşýar. Halkara gatnaşyklary deň hukukly we özara bähbitli ýörelgeler esasynda ösdürmegiň döwrebap we netijeli serişdeleriniň biri hökmünde ykdy-sady diplomatiýa özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Häzirki döwürde döwletleriň daşary syýasatynyň ykdysady ugry ykdysady diplomatiýa arkaly amala aşyrylýar.
Türkmenistan global ykdysady integrirleme arkaly öz artykmaçlyklaryny güýçlendirýär. Daşary söwda dolanyşygyň ugurlary has-da üýtgedi. GDA, YHG agza döwletleri bilen söwdasynda eksport we importyň möçberleri düýpli ýokarlandy, şol bir wagtda uzak daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygy ýokarlandy. Bu öz gezeginde milli harytlarymyzyň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylydygy barada şaýatlyk edýär. Soňky döwürde eksport möçberiniň artmagy bilen söwda balansynyň aratapawudy häzirki wagta çenli oňyn galýar.
Dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň açyklygy we halkara zähmet bölünişiginiň çuňlaşmagy ykdysady diplomatiýanyň zerurlygyny ýüze çykardy. Diplomatiýanyň bu görnüşi ýurduň ösüşe bolan ukybyny ýokarlandyrmak, häzirki zaman dünýäsinde ösýän maýa goýumlar we innowasiýalar üçin amatly şertleri hem-de kepillikleri döretmek, milli ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, ykdysady ulgama wehim salýan howplardan goramak ýaly wezipeleri öz içine alýar. Häzirki zaman diplomatiýasynyň möhüm meseleleriniň arasynda işewürlik, söwda, maliýe, maýa goýumlar we maglumat tehnologiýalary bilen baglanyşykly ykdysady meseleler aýratyn ähmiýete eýedir.
Geljekde Türkmenistanyň alyp barýan ykdysady diplomatiýasynyň netijeliliginiň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak talyplarymyz Gahryman Arkadagymyzyň: «Siz hünäriňiziň hakyky eýeleri bolmak,onuň inçe syrlaryna düşünmek üçin has köp okamaly, öz öňüňizde belent maksatlary wezipe edip goýmaly, daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmeli» diýen ajaýyp sözlerinden ruhlanyp, kämil bilim alýarlar
Milli senenamamyzda altyn harplar bilen ýazyljak Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary derejede geçirilmeginiň simwoliki manysy bar. Biziň ýurdumyz Bitarap hem-de ylalaşdyryjy merkez hökmünde 28 ýylyň dowamynda bitiren uly işleri, onuň diňe bir sebitde däl eýsem, tutuş dünýäde abraýyny has-da beýgeltdi. Gahryman Arkadagymyzyň ähli halklaryň we milletleriň bähbitlerine laýyk gelýän «Dialog–parahatçylygyň kepili» atly ideologiýasy bu günki gün dünýä ýüzünde dabaralanýar.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI