586
HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ SAÝASYNDA
Türkmen Bitaraplygy halkara gatnaşyklary ulgamynda bitaraplygyň taryhynda görlüp-eşidilmedik täze bir sahypany açan täsin hadysadyr. Bu ýerde belläp geçmeli möhüm zat, ol hem bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häzirki zaman halkara hukugynyň düýp özeninde duran parahatçylyk esaslaryndan ugur alýandygydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýbünden täzeçil häsiýete eýedigini onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyp ykrar edilen halkara hukuk resminamalaryndan hem görmek bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr.
2024-nji ýylda halkara derejede doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» atly çuňňur watançylyk arzuwy XX asyryň ahyrlarynda hasyl boldy. Ykbalymyzdan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk gazanylan esasy üstünlik hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy.
Leýla BAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy
Makala 12.12.2023ý. senesinde "NEBIT-GAZ" gazetinde çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI