646
Hazarýaka portlar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine
Dünýä geosyýasatynda we geoykdysadyýetinde has möhüm sebitleriň biri bolan Hazar deňziniň halkara hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmeginde Türkmenistanyň deslapdan Hazarýaka döwletleri bilen el-ele, egin-egne berip, uly tagallalar edendigini, netijede, 2018-nji ýylda Aktauda geçen V sammitde bu resminamanyň kabul edilmegine uly goşant goşandygyny turuwbaşdan bellemek zerur. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolsa milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşen bu sebitiň ykdysady utgaşmasynda täze meýdançanyň binýadyny goýdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň VI sammiti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orna eýe bolan Hazar ugrunyň has işjeňleşmegi üçin täze hukuk binýadyny döreder. Sebitiň dünýä geosyýasatyndaky ähmiýetini mundan beýläk-de artdyrmaga, Ýewraziýanyň dürli yklymlaryny birleşdirjek energetika, ulag-logistika, senagat-infrastruktura taslamalaryny täzeden janlandyrar, senagat kooperasiýasyny güýçlendirer, Hazarýaka döwletleriň halklarynyň taryhdan gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirer.
Yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşen Hazarýaka sebitde Demirgazyk bilen Günortanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky üstaşyr ulag ugurlarynyň hem-de söwda ýollarynyň kadaly hereket etmegi üçin sebitiň döwletleriniň özara ulag gatnawlarynyň ygtybarly ulgamyny döretmek zerur. Munuň üçin döwrebap port düzümleriniň döredilip, netijeli logistik hyzmatlaryň ýola goýulmagy derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, öz wagtynda Türkmenistan Hazar sebit logistika merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürüpdi. Bu merkez Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we olardan netijeli peýdalanmak babatda Hazarýaka döwletleriň bilelikdäki işini utgaşdyrýan düzüme öwrüler.
Türkmenistanyň Hazar sebit logistika merkezini döretmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmekde Hazarýaka döwletleriň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Sebit döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň köp babatda kämil port hojalygy bilen baglanyşyklydygyny I Hazar ykdysady forumy-da görkezdi.
Hazarýaka portlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döwlet Baştutanlarynyň Astrahan sammitinde teklip edilip, Aktau sammitinde kabul edilen «Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Ylalaşyk Hazary halkara söwdanyň möhüm çatrygyna öwürmäge ýardam berýär.
I. TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty. Bu port öz taryhyny 1896-njy ýylyň oktýabr aýyndan alyp gaýdýar. Ýük hem-de ýolagçy gatnawlaryny birikdirmek we tertiplemek maksady bilen, 1903-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda söwda deňiz portunyň dolandyryş edarasy döredildi. Ýyllaryň geçmegi bilen ýük gatnawlarynyň artmagy parom ugurlaryny döretmek pikirini ýüze çykardy. 1959-njy ýyldan başlap, portuň çäginde parom ugurlarynyň gurluşygy başlandy. 1962-nji ýylda ozalky Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy şäheri) bilen Bakuwyň arasynda yzygiderli parom gatnawy ýola goýulýar. 2000 — 2003-nji ýyllarda portda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. 2013-nji ýylda port «Çarlak» ýolagçy katamaranyny gurdy. Bu bolsa portuň taryhynda ilkinji gämigurluşyk taslamasydyr. 2014-nji ýylda ýolagçylaryň deňiz wokzaly açyldy.
Hazary sebitiň möhüm ulag çatrygyna öwürmek üçin, ilkinji nobatda, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň düýpli täzeden gurulmagy zerurdy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy «Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna» laýyklykda amala aşyryldy. Bu halkara portuň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda gol çeken Karary esasynda badalga berildi. 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň ýene bir şanly sahypasyna öwrüldi. Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap» atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta hem-de Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly, Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Ýewraziýanyň deňiz derwezesine öwrüljek bu portuň halkara ähmiýetini aýratyn nygtady. Milli Liderimiz taslamanyň ykdysady, täjirçilik, ekologik ölçeglerden başga-da, geosyýasy ähmiýetini-de ýatdan çykarmaly däldigini aýratyn bellemek bilen, Türkmenbaşy şäheriniň täze portunyň işläp başlamagynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda syýasy ýagdaýlara hem örän oňyn täsir etjekdigine ynanýandygyna üns çekipdi.
Ylmy taýdan innowasion çözgütler esasynda gurlan bu halkara taslama iki sany täsinligi bilen — «Deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly port» hem-de «Deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly emeli ada» görkezijileri boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bulardan başga-da, dürli ugurlar boýunça degişli halkara güwänamalaryň, Hormat hatlarynyň 7-sine mynasyp boldy.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň taslamasynyň ABŞ-nyň «Engineering News-Record» žurnalynyň her ýylda yglan edýän «Project of the Year Award» («Ýylyň taslamasy») atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygyny-da bellemeli.
Taslamanyň göterimi (1,2 million inedördül metr) bar bolan tebigy zolaga zyýan ýetirmezden deňziň içini gum bilen dolduryp emele getirildi. «Ýaşyl port» halkara ölçegi deňziň we deňiz kenarynyň daşky gurşawyny goramagy, deňiz tebigatyny netijeli ulanmagy, biodürlüligi goramagy maksat edinýär. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, terminallaryň her birinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyryldy.
Halkara deňiz portunyň meýdany 156 gektara golaýdyr. Bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. Port ýyllyk 300 müň ýolagça we 75 müň ýük ulagyna hyzmat edip bilýär hem-de ýylda 400 müň konteýneri, 75 müň treýleri kabul etmäge ukyplydyr. Deňiz portunyň umumy ýük geçirijiligi ýylda 25 — 27 million tonna barabardyr.
Umumy ýükleriň terminaly ýylda 4 million tonna ýüki — gurluşyk serişdelerini, metallary, agaçlary, tehnikalary, enjamlary we beýlekileri geçirmäge niýetlenendir. Bu ýerde ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň 4-si birbada urgana baglanyp biler.
Ürgün ýükleriň terminalynyň ýyllyk kuwwaty 3 million tonna barabardyr. Terminalyň ammarynda däne, iým, un, himiki önümler we sement saklamak üçin ýörite enjamlar gurnaldy.
Ýolagçy we ýük terminallary ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň ulaga hyzmat etmäge niýetlenendir. Terminalyň 256 metr uzynlygyndaky gurnalan duralgasyna bir wagtyň özünde iki sany gämi ýanaşyp bilýär. Terminalyň awtoulaglar we ýolagçylar üçin has oňaýly bolmagy üçin bir tarapynda demir ýol wagonlary, beýleki tarapynda bolsa awtoulag duralgalary göz öňünde tutuldy. Awtoulaglar üçin ýörite gözegçilik merkezi ýerleşdirildi. Ýolagçylaryň rahat syýahat etmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp gurlan terminalyň binasy 800 ýolagça niýetlenendir.
Konteýner terminaly ýyllyk 400 müň TEU üçin niýetlenendir (TEU — şertli standart konteýneri aňladýar). Terminalyň duralgasynyň uzynlygy 480 metrdir. Bu duralgada şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT agramly gämi ýükleme we düşürme işlerini ýerine ýetirip bolar. Konteýnerleri daşamak maksady bilen terminalyň düzüminde 50 we 25 tonna ýük göterijilikli 22 sany ýük awtoulagy hem ýerleşdirilendir.
Polipropilen terminalynyň kuwwaty ýylda 120 müň tonna polipropileni saklamaga we gämilere ýüklemäge niýetlenendir. Duralga 3 sany gämi ýanaşyp bilýär.
Portuň giňişliginde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň desgalary bilen bir hatarda, «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody hem guruldy. Ýylda poladyň 10 müň tonnasyny işlemek mümkinçiligine eýe bolan bu zawod gämileriň 4 — 6-syny gurmaga hem-de 20 — 30 gämini abatlamaga niýetlenendir.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bilen Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilik açyldy, sebitara we yklymara hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy. Port Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt hem-de çig mal bazarlaryna, Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmak üçin amatly şertleri döredýär. Bu bolsa örän uly möçberli ýükleriň daşalýan aralygyny hem-de möhletini ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy döwletimiziň Hazar deňzindäki ulag mümkinçilikleriniň kuwwatynyň artmagyna görnetin täsir etdi. Türkmenistanda deňiz ulag ulgamy meýilnama laýyklykda ösdürilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 27-nji martyndaky Karary esasynda «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Ýurdumyzyň deňiz flotunyň ygtyýaryna Türkmenistanyň buýurmasy boýunça daşary ýurtlarda gurlan döwrebap gämileriň ençemesi, şol sanda deňiz-derýa görnüşli «Sumbar», «Hazar», «Jeýhun», «Bitarap», «Etrek», «Alaja», «Kenar» atly nebit guýulýan tankerleriň 7-si, «Älem», «Jahan», «Seýil», «Gudrat» atly çekiji tirkeg gämileri gelip gowuşdy. Bu bolsa nebit we nebit önümlerini daşamak mümkinçiligini has-da artdyrdy. 2014-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gämi duralgasyna 200 ýolagçy we 50 sany awtoulag, şol sanda ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenen «RO-PAХ» görnüşli «Berkarar» gämisi getirildi. Gämi Türkmenbaşy portundan Baku (Azerbaýjan), Olýa (Russiýa), Enzeli we Amirabad (Eýran) portlaryna yzygiderli gatnawy amala aşyrýar. Türkmenbaşy — Enzeli — Nouşehr aralygynda täze gämi gatnawy ýola goýuldy. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Horwatiýadan getirilen «RO-PAХ» görnüşli ikinji gämi — «Bagtyýarlyk» gämisi Türkmenbaşy deňiz portuna labyr taşlady.
2019-njy ýylda, birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň soňky günlerinde türkmen deňiz flotunyň üsti Tatarystanda öndürilen «Rowaç» atly ýene bir ýolagçy gämisi bilen ýetirildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Özbegistan we Azerbaýjan özara ýük dolanyşygyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýärler. Özbegistan Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa bilen özbek harytlaryny Hazarüsti ugry boýunça üstaşyr geçirmekde 50 göterime çenli ýeňillikleri almak barada ylalaşyk gazandy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Azerbaýjanyň Baku portunyň arasynda 2022-nji ýylyň başynda ýük gämileriniň gatnawy ýola goýuldy. Mundan ozal, Türkmenbaşy bilen Baku portlarynyň arasynda diňe bir fider gämisi gatnaýardy. Bu portlaryň arasynda gämi gatnawyny artdyrmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi «Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Baku Halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň goldawy bilen amala aşyryldy. Bu ädim Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa ulag geçelgesini ösdürmäge gönükdirilendir. Türkiýe hem bu ugra 2021-nji ýylyň dekabrynda goşuldy. Häzirki wagtda bu ugurda konteýnerli ýükler Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň üsti bilen, şeýle hem Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryndan Özbegistana, Türkmenistana, Gyrgyzystana we garşy ugur boýunça ugradylýar. 2021-nji ýylda bu ugurda ýük gatnawy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 101 göterim ýokarlandy. Ýüküň daşalmagy «Pacific Eurasia Logistics» türk kompaniýasy, Gruziýanyň «GR Logistic and Terminals», «ADY Container», TULM, Özbegistanyň «Uzbektemiryolexpedition» kompaniýasy we Gyrgyzystanyň demir ýollary tarapyndan amala aşyrylýar. Taraplar ugurlary işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Bu ugurda 2021-nji ýylyň maý aýynda ylalaşyk gazanylyp, konteýnerler 18 günüň dowamynda Türkiýäniň Izmir şäherinden Gyrgyzystanyň Oş şäherine çenli daşaldy. Kompaniýalar bu ugurda sarp edilýän wagty 12 güne çenli azaltmagy maksat edinýärler.
Türkmenistanyň günbatarynda, strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde täze ulag-logistika düzüminiň ulanmaga berilmegi bilen, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazarüsti gatnawlaryň möçberlerini artdyrmak üçin iri meýdança döredi, ulag akymlarynyň täze gurluşy kemala geldi. Türkmenbaşydaky täze port halkara we sebit düzümleri — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan bolan hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmegiň täze gözýetimlerini açdy.
Garabogaz porty. Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky himiki elementleriň aglabasy ýerleşen ýurdumyzyň bu himiýa hazynasyny özleşdirmekde Garabogaz portunyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Garabogaz täze deňiz menzili bina edildi. 2018-nji ýylyň güýzünde ulanmaga berlen «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilen önümler deňiz portuna ugradylýar, ol ýerden bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär. Toplumyň önümlerini gara ýol arkaly eksport etmek üçin Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň hem-de Garabogaz aýlagynyň üstünden täze awtoulag köprüsiniň gurluşygyna badalga berildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Alaja porty — Hazar şäheriniň (ozalky Çeleken) 6 kilometr günorta-gündogarynda, günorta Çeleken aýlagynyň kenarynda ýerleşen nebit terminaly. Şäheriň merkezinden 2 kilometr demirgazyk-günbatarynda ikinji deňiz porty ýerleşýär.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň