23/11/2023
1178
Halypa diplomatyň halkara sylagy
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti üstünlikli geçirildi. Sammitiň çäklerinde bu iri düzümiň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Olaryň arasynda milli diplomatiýamyzyň wekilleriniň biri — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor Amangeldi Rahmanowyň hem bolmagy buýsançly ýagdaýdyr.
Öňňin, 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halypa diplomata bu abraýly sylagy gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerinde bäş ugur boýunça — «Ylym we tehnika», «Ykdysadyýet», «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty», «Oba hojalyk we daşky gurşaw», «Bilim» ugurlarynda tapawutlanan döwlet işgärlerine, diplomatlara, alymlara ýörite sylaglar gowşurylýar. Halypa diplomat, professor Amangeldi Rahmanow guramanyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyna mynasyp boldy. Maglumat hökmünde belläp geçsek, YHG-nyň hut şu ugur boýunça sylagyna 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow hem mynasyp bolupdy.
Sylag gowşurylyş dabarasynyň dowamynda halypa diplomat çykyş edip, bu abraýly düzümiň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarmak babatdaky ägirt uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, professor Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge goşant goşmakda öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Ömrüni diplomatiýa bagyşlan Amangeldi Rahmanow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilkinji hemişelik wekili bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 47-nji, 48-nji we 49-njy sessiýalarynda döwletimize wekilçilik etdi. Şeýle hem halypa diplomat Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky hem-de Koreýa Respublikasyndaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisidir. 2008-nji ýyldan bäri bolsa ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş diplomatlara halypalyk edip gelýär.
Ussat diplomatyň ylmy nazaryýet bilen öz tejribesini utgaşdyryp ýazan «Diplomatik gullugyň esaslary», «Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy», «Diplomatik wekilhanalar we habar-seljeriş-düşündiriş işi», «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhy» ýaly ençeme kitaplary diplomatiýa hünärini saýlan ýaşlar üçin gymmatly gollanmalardyr. Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşan halypa şu ýylyň 18-nji fewralynda — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.
Halypa diplomatyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abraýly sylagyna mynasyp bolmagy häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň hem ajaýyp üstünligidir.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Çeşme:
"Türkmenistan" gazeti, 23.11.2023 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI