30/11/-0001
565
Halkara Ýer güni
Her ýylyň 22-nji apreli «Halkara Ýer güni» hökmünde giňden bellenilýär. Bu halkara sene 2009-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisindäki karary bilen agza ýurtlaryň 50-den gowragynyň awtordaşlyk etmeginde döredildi. Bu gün Ýer şarynyň ähli künjeginde ýaşaýan her bir adama, umumy öýümize hoşallyk bildirmäge mümkinçilik berýär.
Has dogrusy bu güni bellemek däbi, ABŞ-da 1970-nji ýylda başlap, 1990-njy ýyldan has giň gerime eýe boldy. Bu halkara günüň bellenmegi esasy maksady, jemgyýetiň we Ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni Ýeriň, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr. Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden alymlar global daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler we mahabat çäreleri geçirilýär. Şol gün her bir adam öz daş-töweregini, köçelerini abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.
Sen ýeri ýer etseň, ýer seni ner eder.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI