31/10/2024
87
Halkara Ýaşlar ylmy maslahaty: Parahatçylyk we raýdaşlyk köprüsi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk döwlet lingwistika uniwersitetinde «Diller we raýdaşlyk okuw arkaly parahatçylyk we tolerantlylyk» atly halkara ýaşlar ylmy maslahaty geçirildi. Bu çärede dürli ýurtlardan ýaş alymlar, okuwçylar we hünärmenler dünýä dilleriniň we bilimiň parahatçylygy we düşünişmegi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň agzalary maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Şol sanda bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň agzalary hem gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar umumy mejlisde we birnäçä bölümçelerde pikir alyşdylar. Olar esasan hem ýaşlaryň ýetginjeklik döwründe terbiýäniň orny, olarda watansöýüjilik duýgusyny kemala getirmek, dürli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, dil bilimini kämilleşdirmek, tehnologiýanyň ýaşlara ýetirýän täsiri ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimi ösdürmek arkaly parahatçylygy, raýdaşlygy we dürli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipler bilen çykyş etdiler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar XXI asyrda dialogy, hyzmatdaşlygy dowam etdirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.