21/11/2024
92
Halkara tejribe — kämilligiň binýady
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda daşary ýurtlarda okuw saparlarynda bolan mugallymlaryň gatnaşmaklarynda saparlaryň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler degişli döwürde daşary ýurtlara guralan saparlaryň ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmegiň, şol sanda döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygy aýratyn bellediler.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň başarnygyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ylym-bilim, sport, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça halkara derejede ýaşlar maslahatlary, iri göwrümli forumlar, döredijilik festiwallarydyr olimpiadalar yzygiderli guralýar.
Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş eden mugallymlar türkmen wekiliýetiniň düzüminde 2024-nji ýylyň 14 ― 25-nji oktýabry aralygynda Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Suşma Swaraj adyndaky diplomatik gullugy institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatlary üçin niýetlenilen 3-nji ýörite okuw sapaklaryna, 2024-nji ýylyň 21 ― 25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda geçirilen «Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy» atly halkara ylmy maslahatyna hem-de Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň gyrgyz diline terjime edilen ýygyndysy bilen bagly tanyşdyryş dabarasyna, 2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri: suwdan durnukly peýdalanmak meselesinde paradigmalaryň üýtgemegi» atly sebitleýin maslahata, 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabry ― 12-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriniň seminaryna gatnaşandyklary barada giňişleýin beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda dünýä tejribesinde öwrenilen maglumatlar, tejribeler slaýdlaryň üsti bilen gürrüň berildi. Şeýle-de okuw saparlarynda bolan mugallymlar özlerinde galan täsirler, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatda döredilen mümkinçilikleriň ähmiýeti barada nygtap geçdiler. Munuň özi halkara tejribäni öwrenmegiň diňe bir ylym-bilimiň ösüşinde däl, eýsem, ähli babatda ýokary netijeleri gazanmak üçin örän möhümdiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýlelikde, daşary ýurtlara okuw saparlaryny amala aşyran mugallymlaryň bilim-tejribelerini mundan beýlägem kämilleşdirjekdiklerini hem-de geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamagyň çäginde toplanan tejribeleri netijeli ulanjakdyklaryny ynam bilen aýdyp bolar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.