_1742029044.webp)
15/03/2025
635
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ŞAMÇYRAGY
Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr- gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Döwrümiziň şanyna şan goşýan ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň belentliginiň alamatydyr. Sebäbi Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde bu şygar astynda geçjekdiginiň özi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy döwletara gatnaşyklaryň bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şol sebäpli, Türkmenistan agzalan strategiýany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär, hususan-da, ykdysadyýet we durnukly ösüş maksatlarynda:
- Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu maksatlara diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, çäk goýmak, birtaraplaýynlyk, syýasatlaşdyrmak we kemsitmek ýaly ýagdaýlar bolmazdan, geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri döretmek arkaly ýetmek mümkindir. Şeýle hem Türkmenistanyň ädimleri Durnukly ösüş maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzak möhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Şunda energetiki geçiş hem-de ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategik ileri tutulýan ugruň amala aşyrylmagyna kesgitleýji orun berilýär.
-Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky tekliplere düşünilmegini we olaryň goldanylmagyny gazanmak zerurdyr. Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energetiki geçişi amala aşyrmagyň strategik ugruny saýlap aldy. Bu ýagdaýda agzalan ýoldan gitmek isleýän döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirjek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek üçin zerur şertleri döredip biljek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini mümkin boldugyndan köp ulanmak üçin öz howa we geografik artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berjek çemeleşmeler hem zerur hasaplanýar. Bu çemeleşme ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig mal öndürmekde, gaýtadan işlemekde we beýleki birnäçe ugurlarda ekologik ölçegleriň gyşarnyksyz ileri tutulmagyny, ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, biliminiň, aň-düşünje derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem göz öňünde tutýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy – asyrlara, nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün!
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.