07/12/2023
920
Halkara migrantlar güni
Watan her bir ynsan üçin iň beýik mukaddeslikleriň biri bolup durýar. Adam dünýä inen gününden başlap öz Watanynyň suwuny içip, duzuny iýip, Watan barada goşgudyr aýdymlar aýdyp ulalýar. Her bir ynsan üçin Watany onuň doglan obasyndan, önüp-ösen mesgeninden başlanýar. Emma uzak ýyllardan bäri ynsanlar uruşlar, genosidler, ykdysady kynçylyklar, tebigy betbagtçylyklar zerarly ýa-da özüniň we maşgalasynyň maddy we sosial ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen öz ýaşaýan ýerlerinden başga döwletleriň, gaýry ýurtlaryň çäklerine göçýärler. Bu ýagdaý käbir şertlerde mejbury, kä halatlarda bolsa meýletin bolup geçýär. Şeýle göçüş «migrasiýa», göçýän adamlar bolsa «migrantlar» diýlip atlandyrylýar.
XX asyrda Balkan ýarymadasyndaky söweşler bilen başlanan mejbury göçüşler II jahan urşy ýyllarynda has hem artypdyr. Häzirki döwürde göçüş hereketleri II jahan urşundan bäri iň ýokary derejesine ýetdi. Soňky on ýylyň dowamynda immigrantlaryň sany 150 million adamdan 214 milliona çenli ýokarlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, göçüş hereketleriniň tizligi soňky 20 ýyldaky ýaly dowam eden ýagdaýynda, 2050-nji ýyla çenli halkara migrantlaryň sanynyň 405 milliona barjakdygy çaklanylýar.
Adamlary göçmäge mejbur edýän sebäplere garamazdan, migrantlar jemgyýetiň ejiz bölegi bolup, olaryň saglygy goraýyş, ylym-bilim almak, azyk howpsuzlygy ýaly birnäçe ynsanperwer hyzmatlara elýeterliligi çäkli bolup durýar. Beýleki bir tarapdan bolsa, migrant işçileriň aglaba böleginiň resmi däl, wagtlaýyn, ätiýaçlandyrylmadyk işlerde işlemegi olaryň iş şertleriniň ýaramazlaşmagyna getirýär.
Migrantlaryň göçüş ýollarynyň esasy böleginiň ygtybarly dälligi sebäpli millionlarça ynsan göçüş mahaly heläkçilige uçraýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda 50 müňden gowrak migrantlar göçüş ýollarynda heläk boldy.
Muňa garamazdan, migrantlaryň üstaşyr geçýän we barýan ýurtlarynyň innowasion we durnukly ösüşine goşýan goşantlary hem bellärliklidir. Migrantlaryň bilim derejeleri, dürli ugurlardaky başarnyklary, işçi güýji olary kabul edýän ýurt üçin hem peýdaly bolup durýar.
Her ýylyň 18-nji dekabry Halkara migrantlar güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu gün her bir jemgyýetde iki sany esasy meseleleriň üstünde durup geçmek üçin mümkinçilik döreýär: millionlarça migrantlaryň Watanlaryna we göçüp baran ýurtlarynyň ykdysadyýetine edýän goşantlary barada gürrüň açmak we jemgyýetiň olaryň hak-hukuklary baradaky düşünjelerini artdyrmakdyr. Migrantlaryň çykan ýurduna we mesgen tapan ýurtlaryna peýda getirýändigini, ýurduň ykdysadyýetine we sosial ýagdaýynyň gowulaşmagy üçin goşant goşýandygyny bellemelidir.
Ilkinji gezek 18-nji dekabr Filippinleriň we Aziýanyň migrantlar guramalary tarapyndan Halkara migrantlar güni hökmünde 1997-nji ýylda bellenilipdir. 1990-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara migrant işçileriň we olaryň maşgalalarynyň hukuklaryny goramak barada konwensiýa kabul edildi. 2000-nji ýyldan bäri bolsa bu gün Halkara migrantlar güni hökmünde bellenilip geçilýär.
«Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdunda aýrylan ölinçä aglar» diýlişi ýaly, öz Watanyňdan, ýer-ýurduňdan aýry düşmek elbetde her bir ynsan üçin örän kyn ýagdaý bolup durýar. Bu barada beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Ýurdundan aýrylyp jyda düşmeýen, ülkesinde il gadryny näbilsin» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Bu günüň bellenilip geçilmeginiň esasy maksady hem dünýä derejesinde immigrantlaryň sosial, ykdysady, syýasy, psihologik we hukuk meselelerini ýüze çykarmak, olaryň çözgüdini gözlemekden ybarat bolup durýar.
Biz, ýaşlaryň Berkarar döwletde erkana, bagtyýar ýaşap, okap, bilim almagymyz, jemgyýete peýdaly, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegimiz üçin giň taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Merdan NOWRUZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.