815
HALKARA HYZMATDAŞLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA BAŞLANGYÇLARYNYŇ DABARALANMAGY
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, Garaşsyz döwletimiz halkara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar we bütin- dünýä adamzadyň geljegine gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli BMG-niň mejlislerinde çykyş edýär. Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen bilelikde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda ykdysadyýetiň ekologiýa meseleleri bilen utgaşyklydygyny we Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň maksada laýykdygyny belleýär. Şu maksatlar bilen tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. 2023-nji ýylyň 15-19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: “Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir” diýip, global ekologiýa meselelerini çözmekde, şol sanda Aral deňzini halas etmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawynyň, toplumlaýyn çemeleşmegiň we BMG-niň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagynyň möhümdigini belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Araly halas etmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etdi. Bu döwürde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” hakynda Kararnama kabul edildi. Türkmenistan “Suw diplomatiýasy” baradaky başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe, Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynda suw meseleleri boýunça esasy garaýyşlary hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri doly göz öňünde tutuldy. 2018-nji ýylyň 24-nji awgustunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Bu sammitde sebitiň ekologiýa ulgamynda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň çäklerinde bolsa Beýannama kabul edildi. Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň bilelikdäki Beýannamasynda taraplar suwuň, howanyň hapalanmagynyň, ýeriň ýaramazlaşmagynyň azadylmagyna, bag ekilen meýdanlaryň köpeldilmegine, tebigy heläkçilikleriň şol sanda suw joşgunlarynyň, sil akymlarynyň, gurakçylyklaryň, töwekgelçilikleriň azaldylmagyna, şeýle hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge we beýlekilere gönükdirilen ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň zerurdygy nygtalýar. Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde giň möçberli, il-gün bähbitli, dünýä ähmiýetli, ynsanperwer döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulgurban EZIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy,
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI