30/11/-0001
467
Halkara Dostluk gününiň döreýiş taryhy
Halkara Dostluk gününi ýa-da Dostlar gününi bellemek däbi ilkinji gezek 1935-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda peýda bolýar.
Ýöne muňa garamazdan, Dostluk gününi halklaryň arasyndaky baýramçylyk hökmünde bellemek pikirini ilkinji sapar amerikaly biznesmen, «Hallmark Cards» kompaniýasyny esaslandyryjy Joýs Klaýd Holl 1958-nji ýylyň 20-nji iýulynda Paragwaýda dostlary bilen agşam naharynda otyrka orta atýar.
Wagtyň geçmegi bilen, degişli edara tarapyndan her ýylyň 30-njy iýulynda bu güni bellemek hakynda Birleşen Milletler Guramasyna teklip ýazylýar. Netijede, 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 30-njy iýul — Halkara Dostluk güni diýip yglan edýär hem-de degişli karara gol çekýär. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy gurama agza döwletlere halklaryň arasyndaky medeniýet, ylym, bilim ugurly gatnaşyklary has-da berkitmek hem-de milli däp-dessurlaryny wagyz etmek üçin dürli hili duşuşyklary guramagy teklip edýär.
Ýeri gelende aýtsak, Ekwadorda, Meksikada, Wenesuelada, Finlýandiýada, Estoniýada, Dominikan Respublikasynda Dostluk güni her ýylyň 14-nji fewralynda bellenilýär.
Mähriban MÄMMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.