17/09/2023
830
HALKARA DEMOKRATIÝA GÜNI
Halkara demokratiýa güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2007-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky A/RES/62/7 rezolýusiýasynyň esasynda kabul eden kararyna laýyklykda her ýylyň 15-nji sentýabrynda giňden bellenilýär. Bu şanly sene 2008-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Dikeldilen demokratiýalaryň ilkinji halkara konferensiýasynyň 20 ýyllygyna” bagyşlanylyp, BMG-e agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan birinji gezek bellenildi.
Halkara Demokratiýa gününiň her ýylyň 15-nji sentýabrynda bellenilip geçilmegi ýöne ýere däldir. Çünki, 1997-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Mejlisara Bileleşigi tarapyndan Demokratiýa hakynda ählumumy jarnama kabul edildi. 2007-nji ýylda bolsa, bu taryhy resminamanyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, her ýyl Demokratiýa hakyndaky älhlumumy jarnamanyň güýje giren gününi “Halkara Demokratiýa güni” diýen uly bir şanly senä öwürmeklik barada BMG-niň Baş Assambleýasy Karar kabul etdi.
Demokratiýa sözi grek sözünden gelip çykyp "halk" diýmegi añladýar. Demokratiýa halkyň isleginiň erkin beýan edilmegine esaslanýar hem-de kanunyň, tertip-düzgüniň saklanmagy, adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki zaman jemgyýeti demokratiýany ähliumumy gymmatlyklar we ýörelgeler hasaplaýar. Galyberse-de, demokratiýa halkyň gyzyklanmalarynyň beýanydyr. Demokratiýa deňlige we deň gatnaşyga esaslanýar hem-de parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we adam hukuklarynyň esaslaryndan biridir.
Birleşen Milletler Guramasynyň hökümetleriniň demokratiýany ösdürmek we jebisleşdirmek ugrundaky tagallalaryny goldamak boýunça işler Düzgünnama laýyklykda we diňe BMG-e degişli ýurtlaryň ýörite haýyşy boýunça amala aşyrylýar.
Mundan başgada, Birleşen milletler guramasy Halkara demokratiýa gününi 2016-njy ýylda "Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl meýilnamasy", 2017-nji ýylda bolsa, "Demokratiýa we dawa-jenjeliň öňüni almak" atly mowzuk bilen geçirdi.
Akmyrat HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby
Последние новости
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI