
01/03/2025
44
HALKARA ÇAGALARYŇ TELEWIDENIÝE WE RADIOÝAÝLYMLAR GÜNI
Her ýylyň mart aýynyň birinji ýekşenbesinde – Halkara çagalaryň telewideniýe we radioýaýlymlar güni dünýäniň köp ýurtlarynda uly şatlyk bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk körpe teletomaşaçylary hem unutmazlyk maksady bilen, 1991-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan döredilýär.
Halkara çagalaryň telewideniýe we radioýaýlymlar güni döredileni bäri, ýüzden gowrak ýurtda müňlerçe teleýaýlym we radio alyp baryjylary bu baýramçylyk mynasybetli özboluşly tele we radio gepleşikleri taýýarlap, ýaýlyma berýärler. Bu gepleşiklerde çagalaryň gyzyklanýan dürli ugurlary göz öňünde tutulýar. Bu baýramçylygyň esasy maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çagalaryň gyzyklanýan mowzuklaryna çekmekden ybaratdyr.
Şeýle-de bu baýramçylyk mynasybetli 1994-nji ýylda ÝUNISEF we Halkara Telewideniýe, Sungat we Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýörite baýrak döredildi. Bu baýrak baýramçylyk gününde ýaýlyma berilýän iň gowy çagalar gepleşigini taýýarlan teleýaýlym kompaniýasyna gowşurylýar.
Dünýäde çagalar üçin niýetlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taryhy öz gözbaşyny XX asyryň başlaryndan radionyň meşhurlyk gazanan ýyllaryndan alyp gaýdýar. Ilkinjileriň hatarynda bu işi durmuşa geçiren teleradio kompaniýalaryň biri Beýik Britaniýanyň meşhur BBC korporasiýasydyr. Beýik Britaniýada BBC korporasiýasy tarapyndan 1922-nji ýylda “Children's Hour”, 1924-nji ýylda “BBC School Radio” radiogepleşikleri ýaýlyma berilýär. SSSR-de ilkinji çagalar telegepleşikleri 1939-njy ýylda “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen at bilen ýaýlyma berilýär. 1964-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa “Gijäň rahat bolsun, çagalar!” atly meşhur çagalar gepleşigi ýaýlyma berilýär.
Türkmen telewideniýesinde hem körpe teletomaşaçylar üçin gepleşikleri taýýarlap, köpçülige ýetirýän “Ýaşlyk” ýaýlymy hereket edýär. Bu ýaýlymyň üsti bilen köpsanly gyzykly we ýaş telegörüjiler üçin peýdaly telegepleşikler yzygiderli berilýär.
Maýa GURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy hünäriniň III ýyl talyby.