21/08/2023
953
Halkara ähmiýetli hünär
Gahryman Arkadagymyzyň: «Amala aşyrýan ägirt uly maksatnamalarymyz barada gürrüň berýän güýçli syýasatçy, ykdysadyýetçi žurnalistleriň toparlaryny döretmek we olaryň netijeli işlemegini ýola goýmak gerek» diýen sözleri biz — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, aýratyn-da, halkara žurnalistikasy hünäriniň mugallymlary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamakda esasy ýörelge bolup hyzmat edýär.
Institutymyzda bilim alýan talyplaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge ýardam berýän žurnalistika ugruna degişli geçilýän dersler halkara derejesinde zähmet çekjek žurnalistlere žurnalistik maglumatlary toplamagy, olaryň üstünde işlemegi, öz işlerinde dürli žurnalistik tilsimlerden we žanrlardan peýdalanmagy öwrenmäge, döwrüň möhüm meselelerini dogruçyl we maksadalaýyk şöhlelendirmäge ýardam edýär. Bu ýerde talyplar makala ýazmak, gepleşikleri taýýarlamak we radio-telewideniýede işleýän žurnalistleriň işleýiş usullaryny öwrenmek, bu ugurda ulanylýan enjamlardan ýerlikli peýdalanmak ýaly zerur bilimleri žurnalistik dersleriň kömegi bilen özleşdirýärler.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanýan abraýy halkara žurnalistikanyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şol sebäpli-de, gatnaşyk açmak we ony dowam etdirmek barada berilýän nazary bilimler kämil hünärmenleri ýetişdirmek işinde wajyp orny eýeleýär. Maglumatlar döwründe sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşýan şertlerinde institutymyzda geljekki syýasy taýdan sowatly žurnalistleri taýýarlamakda innowasion usullar işjeň ulanylýar. Geçen ýylyň özünde ýokary okuwymyza kabul edilen talyplaryň okuw meýilnamalaryna «Dizaýn we kompýuterde maket işi» atly täze ders girizildi. Galyberse-de, talyplaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda institutymyzda geçirilýän Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň yzygiderli guraýan daşary ýurtly žurnalistler bilen türkmen žurnalistleriniň özara tejribelerini paýlaşmaklaryna gönükdirilen okuw maslahatlary uly ähmiýete eýedir. Olarda žurnalistleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möhüm wakany beýan etmek boýunça usullaryň dürli taraplaryny oýlap tapmak, žanrlary ýerlikli ulanmak, geçirilýän halkara maslahatlary we sport ýaryşlaryny täsirli şöhlelendirmek hem-de wakalary bellige almak babatynda dürli tejribeler paýlaşylýar. Bu bolsa geljekde ýokary taýýarlykly žurnalistleri ýetişdirmek işiniň netijeliligini artdyrmaga giňden ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkara derejesinde köp sanly döredijilik duşuşyklary, maslahatlary, forumlary, ylmy bäsleşikler we medeni-sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çärelere žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar hem gatnaşyp, öz hünärlerine ählitaraplaýyn ugrukýarlar. Žurnalistleriň düýpli taýýarlygyny gazanmak maksady bilen, häzirki wagtda bu ugurda okaýan talyplara jemgyýetçilik ylymlary, diplomatiýanyň inçe syrlary, hukuk we ykdysady bilimler bilen birlikde, birnäçe daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem uly üns berilýär. Talyplarymyz ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň biri bolan metbugat sahypalarynda dürli dillerdäki döredijilik eserleri bilen çykyş edýärler, telewideniýe we radio ýaýlymlarynda döredijilik duşuşyklaryna, şeýle-de çeper okaýyş boýunça bäsleşiklere gatyşýarlar. Mundan başga-da öwredilýän nazary we amaly bilimleriň, guralýan duşuşyklaryň netijesinde häzirki wagtda institutymyzda žurnalistika hünäri boýunça okaýan talyplarymyz tarapyndan «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazeti taýýarlanylyp, ýokary okuw mekdebimiziň internet sahypasynda ýerleşdirilýär. Şeýle-de, institutymyzyň okuw studiýasynda «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty» atly syýasy gepleşik ýazgy edilip, «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýär.
Halkara žurnalistleri taýýarlamak babatynda Türkmenistanyň 150-den gowrak dünýä döwletleri bilen ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 31-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, häzirki döwürde halkara žurnalistikasy hünärinde okaýan talyplar dünýäniň birnäçe döwletlerinde, olaryň hatarynda, Gazagystan Respublikasynda, Azerbaýjan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, ýurdumyzyň Beýik Britaniýa we Belgiýa ýaly döwletlerindäki ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda tejribelikde bolup, ilçihanalaryň iş tejribelerini öwrenmek bilen birlikde, öz tejribelik geçen ýurtlarynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, şeýle-de Watanymyz bilen halkara gatnaşyklaryny hem öwrenmäge mümkinçilik tapýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli ulgamlarynda zähmet çekjek, ýokary dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak biz mugallymlaryň paýyna düşýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlarynadyr talyplaryna ýüzlenip: «Özüňize ýüklenen jogapkärçilige mynasyp boluň, öz Watanyňyzy söýüň, oňa buýsanyň, watançylar boluň!» diýip, aýdan sözlerine wepaly bolup, watançy, ilhalar, ussat hem-de zähmet ýolunda öz sesi, öz sözi bolan, halkara derejeli žurnalistleri — ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýlägem belende göterjek mynasyp hünärmenleri taýýarlamakda ukyp-başarnygymyzy, yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekmekligi öz hünär borjumyz hasaplaýarys.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.
“Diýar” žurnaly 02-2023
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI