10/12/2024
643
«Hakyda göwheri» ― milli mirasyň buýsanjy
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
―Pederlerimiz şöhratly geçmiş taryhymyzyň
biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri
bitirdiler. Häzirki nesilleriň borjy bolsa ony
indiki nesillere ýetirmekdir.
Baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitaby neşir edildi. Bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine hem goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir-garaýyşlaryny hem halka ýetirýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar giňden beýan edilýär.
Türkmeniň baý taryhy maglumatlaryny özünde jemleýän eser türkmen weiňlis dillerinde çap edildi. «Hakyda göwheri» atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň eşretli zamanasyna buýsanjyň-da beýany bolup durýar. Ýurdumyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, senetçiligiň, zergärligiň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Milli Liderimiziň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýen sözleri biz – ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny goşalandyrýar.
«Taryha syýahat» we «Ruhy miras» atly iki bapdan ybarat bolaneseriň birinji babynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen şöhratly taryhymyz, dünýä jahankeşdelerini, syýahatçylary haýran galdyrýan binagärlik aýratynlygy boýunça tapawutlanýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gyzykly maglumatlar gürrüň berilýär. Kitabyň ikinji babynda bolsa milletimize mahsus gymmatlyklar barada gürrüň berilmegi milli mirasymyza bolan söýgümizi artdyrýar. Bu ajaýyp eser «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Oguznama – dünýä baýlygy» we beýleki bölümlerde berilýän maglumatlar, wakalar, kyssalar diliniň baýlygy we çeperligi, pikirleriň çuňlugy bilen tapawutlanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly baý taryhyny, baý medeni mirasyny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler biz – ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.