30/06/2024
696
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
«Nesil» gazetiniň habarçysy:
— Toý bir gowy zat, toýuň bir bölegi bolmak ondanam gowy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uludan toýlanýan Magtymguly atamyzyň 300 ýyllyk toýunyň dabarasy daglar däl, ummanlar aşdy. Bagşynyň: «Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana» diýeni boldy. Ynha, şeýle günlerde maňa hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Bu bagt ýigrimi bäşimiň goşa baýram — goşa toýy boldy.
...Şa serpaýly öýüň bosagasyndan ätlenimem şoldy welin, öňümden ýylgyryp ejem çykdy. Hormatly Prezidentimiziň beren altyn zynjyryny boýnumdan aýryp, ejeme berenimde, ol gözýaşlaryny saklap bilmedi, onda-da uzak wagtlap. Elbetde, olar begenç gözýaşlarydy. Ine, şeýle pursatlar ýatda däl, ýürekde baky galýar. Ömrümiň şeýle pursatlary üçin hem Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdýaryn.
Biz — ýaşlara okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
«Ýaş diplomatyň sesi» № 19 (102) 2024-nji ýylyň 30-njy iýuny // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-19-102-290624_9698