30/11/-0001
654
Göwünleri galkyndyran Garaşsyzlyk
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Her döwür adamlaryň ruhy dünýäsine özüçe täsir edýär, olaryň daş keşbinde, özlerini alyp baryşlarynda beýanyny tapýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlykdan galkynyp, Bitaraplykdan bagt tapan berkarar döwletde bagtyýar ýaşaýan ruhubelent watandaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa, mähriban il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýän aýdyň alamatdyr.
Hakdan halatly, Zeminde zynatly eziz Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bagtyýarlyk döwrümiziň toý-baýrama beslenip gelýän ýyllarynyň her bir güni ykballarymyza nur çaýýar, ýalkym saçýar. Ertirleri döwrümiziň bagt mukamyna ýugrulyp, her säherde raýatlarymyza durmuşa bolan çäksiz söýgini sowgat edýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, il-günümiziň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize bolan uly guwanç, buýsanç duýgularyny artdyrýar. Şeýle ösüşli ýurdumyzyň bagtyýar döwrüniň esasy özeninde bolsa, Watanymyzyň goşa ganatlary bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saçýan ýalkymy bilen Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty ýatyr. Çünki:
Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan dogan ýagty Gün, ak bagt, ak nurdur, göwünleriň galkynmasydyr, arzuw-hyýallaryň hakykata öwrülmesidir.
Bitaraplyk bolsa, ýürekleriň, göwünleriň erkana, parahat dem almasydyr.
Hakykatdanam, taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen milletimiziň güýjüniň daş ýaryp duran ösüşli we tas ýiteňkirläberen, gowgaly, gaýdyşly döwürleri başdan geçirendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Geçmişde ýaşap geçen ruhy pederlerimiz, ata-babalarymyz Garaşsyz, Bitarap, berkarar, bagtyýar döwletiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Gözbaşyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan türkmen milletimiz eýýäm şol günlerden başlap, parasatly Oguz han atamyzyň baştutanlygynda özbaşdak türkmen döwletiniň alamatlaryny ýüze çykarypdyrlar. Oguz han atamyz millet hökmünde tanalmagyň şerti hasaplanylýan oguz elipbiýini döredipdir. Gorkut ata, Görogly ýaly ruhy pederlerimiz hem öz ýurduny daşarky duşmanlardan gorap, Watanynyň azatlygy, erkinligi, parahatçylygy ugrunda göreşipdirler. Iň bir galagoply döwür hasaplanýan XVIII-XIX asyrlarda hem il-güne sözüni diňledip, uly abraýdan peýdalanan Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Şeýdaýy, Şabende, Seýdi, Zelili ýaly şahyrlarymyz öz şygyrlary arkaly halky agzybirlige, berkarar döwlet gurmaga, erkinlige çagyrypdyrlar we özleri hem elde baryny edip, azatlyk ugrunda göreşipdirler. Bu beýik şahsyýetler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda belleýän türkmen milletimiziň watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, halallyk, dost-doganlyk, parahatsöýüjilik ýaly asylly döwletlilik ýörelgeleriniň saklanyp galmagynda örän uly orun tutupdyrlar.
Ýeri gelende bellesek, Hormatly Prezidentimiziň öz pederleri hem ýagny, Anna aga, Berdimuhamet Annaýew, Mämiş seýis, Kuwwat pälwan ýaly beýik şahsyýetler hem il-günüň iň bir hormatlaýan ynsanlary bolup, halkyň arka dirän ýakyn maslahatçysy hökmünde tanalypdyrlar, döwletlilik ýörelgelerimizi amal edipdirler.
Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-hyýallarynyň, yhlaslarynyň, maksatlarynyň netijesinde, 1991-nji ýylyň güýzünde agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduň eýesi bolýar. Muňa 2021-nji “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bolsa, göni 30 ýyl dolýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk dabaraly toýuny bellemäge ýurdumyzda giňden taýýarlyk görlüp, bu şanly toýa ähli raýatlarymyz öz döredijilik we zähmet üstünlikleri bilen sowgatly barýarlar. Watanymyzyň bary-ýogy 30 ýylyň içinde ýeten belent sepgitleriniň sanap aňyrsyna çykyp bolmaýar. Sebäbi Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda birnäçe beýik işler alnyp barlyp, halkymyz bu gün ähli arzuwlaryň amal bolýan bagtyýarlyk döwründe bagtly ýaşaýarlar. Watanymyzyň sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamyndaky üstünlikleri hem dünýäniň ösen döwletleri bilen bäs edýär. Şu ýylyň maý aýynda giňden bellenilip geçilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bolsa, ak mermerli şäherimiziň dünýä derejesindäki abraýyny ýene-de bir gezek has-da giňeldýär. Çünki bilşimiz ýaly, görki älemi haýrana goýýan mermer paýtagtymyzyň birnäçe binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Diňe bir paýtagtymyzda bolup geçýän üstünlikler däl-de, eýsem, Garaşsyzlyk ýyllary içinde obalarda, şäherlerde, welaýatlarda bolup geçýän özgerişler hem göwünleri galkyndyrýar. Ýurdumyzyň her bir künjegini täze obalar, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, sport binalary we medeniýet öýleri bezeýär. Welaýat merkezlerinde täzeden-täze açylýan binalar, desgalar hem Watanymyzyň görküne görk goşýar. Ýagny, her welaýat merkezinde täze teatrlar, kitaphanalar, söwda we dynç alyş merkezleri, “Türkmeniň ak öý” binalary açylýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň yzysüri-de, 1995-nji ýylda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde, Watanymyz baky Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilýär. 2015-nji ýylda bolsa, eziz Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek BMG tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Ýer ýüzünde diňe parahatçylygy, ynanyşmagy we dost-doganlygy ündeýän Bitarap Watanymyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen söwda-ykdysady we diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Eziz watandaşlarymyz bolsa, asuda, parahat, abadan ýurduň hözirini görüp, erkana dem alyp ýaşaýarlar. Täze halkara demirýol we howaýol menzilleri yzygiderli açylýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda açylyp ulanylmaga berlen täze Kerki Halkara howa menzili hem Watanymyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşindäki iň uly üstünlikleriň biridir.
Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, belent sepgitlere ýetmek, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Çünki bu ajaýyp Diýarda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşlerinden ruhlanyp, bize diňe gowy okamak, döretmek, öz ugrumyzyň ussat hünärmenleri bolup ýetişmek we Watanymyzyň özgerişlerine buýsanyp, ony wasp edäýmek galýar. Şeýle belent maksatlary ýürekde beslemäge, olary amal etmäge giň mümkinçilikler döredýän, halkymyzy röwşen ertirlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi has-da pajarlap, toýlary toýlara ulaşsyn!
Gül Diýarda gül dek, gülüp dur gözler,
Bagtyýar Watanda bagtyýar ýüzler,
Sözlenilýär diňe bal, şirin sözler,
Watanymyň haýran edýär zynaty,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganaty.
Hasyl boldy hyýallary pederleň,
Ruhlary Watana tagzym ederler,
Kalplar Ýerde Göge telwas ederler,
Älemi aňk edýär ol bedew aty,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI